Makalalar

Raýatlarymyzyň saglygyny pugtalandyrmak barada taýsyz tagallalar edilýär

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1093/original-16079d8d2edcce.jpeg

«Şatlyk» keseliň öňüni alyş şypahanasy Mary şäherinden onçakly uzak bolmadyk ýerde, Garagum derýasynyň gyrasynda ýerleşýär. Sagaldyş merkezi dynç alyp, saglygyny berkitmek üçin gelýän raýatlarda turuwbaşdan ýakymly täsir döredýär.

Sagaldyş merkezinde bir, iki, üç adamlyk ýaşaýyş otaglarda raýatlara oňat dynç almak üçin ähli amatlyklar döredilen. Bejeriş otaglary häzirki zamanyň iň kämil keselleri anyklaýyş hem-de bejeriş enjamlary bilen birkemsiz üpjün edildi. Dynç alýanlar üçin lukmanlar tarapyndan bellenilen bejergileri wagtly-wagtynda kabul edip bilmegi üçin oňaýly şertler döredilen. Bejeriş-bedenterbiýe otagy raýatlarymyzyň maşklary ýerine ýetirip, saglygyny berkitmegi üçin dürli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan.

Sagaldyş merkezi 6,3 gektar meýdany tutýar. Şonuň esasy bölegi dürli saýaly hem-de miweli baglar bilen gurşalan, dynç alyş meýdançalary, gezim ýodalary birkemsiz abadanlaşdyrylan. Her tapgyrda bir ýüz dört adamy kabul edýän şypahanada her ýylda gaz pudagynda, beýleki ulgamlarda zähmet çekýän, şeýle hem hormatly dynç alşa çykan adamlaryň iki müňe golaýy dynç alýar we saglygyny berkidýär.

Şypahananyň lukmanlarydyr beýleki saglygy goraýyş işgärleri her bir raýaty gelen gününden üns-alada, hoş söz bilen garşylap, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş otaglaryna ýerleşdirýärler. Iňňe refleks terapiýasy, owkalama, ozokerit ýapgylary, ýer astyndan, bir müň dört ýüz metr çuňlukdan çykýan kükürtli-wodorodly suw, Mollagara bejeriş palçygy şypahananyň esasy saglygy berkidiş serişdeleridir. Raýatlar lukmanlar tarapyndan bellenilýän bejergileri kabul etmek bilen, daýanç-hereket, ýürek-damar ulgamlarynyň, böwrek-peşew ýollarynyň, merkezi we periferiki nerw ulgamynyň dertlerinden saplanyp, şypa tapýarlar.

Şypahananyň jana ýakymly howa gurşawyny emele getirýän belent başly baglaryň saýasynda ir säherde, agşamlaryna gezim etmek, oturyp dynç almak, Garagum derýasynyň suwunyň üstünden öwüsýän päkize, sergin howadan dem almak raýatlara rahatlyk, şähdaçyklyk eçilip, olaryň saglygyny dikeltmegine oňaýly täsir edýär.

Sagaldyş merkezinde dynç almak üçin hem, dertden saplanmak üçin hem ähli şertler bar. Şypahananyň saglygy goraýyş işgärleri bu ýere gelýän her bir raýaty üns-alada bilen gurşap, olaryň saglygynyň dikelmegi üçin ýadawsyz zähmet çekýärler.

Raýatlarymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, ömür dowamlylygyny uzaltmak barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Söhbet AMANMÄMMEDOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinyň talyby.

Başga makalalar
16acd1beb287a4.jpeg
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär

21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.


16ab744755266a.jpeg
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi

23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.


16a7caed96ef8f.jpeg
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.

16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.