Makalalar

Türkmenistanyň halk artisti Kakageldi ÇARYÝEW

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1135/original-1608556950c38e.jpeg

Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly Pyragy ýubileý medalynyň eýesi Kakageldi ÇARYÝEWIŇ ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynda, şanly toý-baýramlarda mylaýymdan ýakymly ses bilen ýerine ýetirýän aýdymlary kalplara aralaşyp, her bir adama ruhy lezzet berýär.

Tanymal estrada aýdymçysy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda her güni täze ösüşlere beslenýän ata Watanymyzy, bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän aýdymlary, şeýle hem «Ene ýüregi», «Eneler», «Ezizim» we «Söýýän, gyz» diýen aýdymlary belent joşgun bilen ýerine ýetirýär.

Dana halkymyzda «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýen pähim bar. Manyly ömrüni bagşyçylyga bagyşlan Kerim Çaryýewiň ogly Kakageldi Çaryýew hem bu gün ata kesbini mynasyp dowam edýär.

Habarçymyzyň ussat aýdymçy Kakageldi Çaryýew bilen söhbetdeşligini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

— Kakageldi, sungat ýoluna gelmegiňize kakaňyzyň täsir-ä bolandyr?!

— Elbetde. Ýerine ýetiren aýdymlarynyň ençemesi häzirem türkmen radiosynyň hazynasynda saklanylýan kakam, bagşy Kerim Çaryýew meniň ilkinji halypam. Kakamyň ussat bagşy-sazandalar bilen bilelikde Marynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň aýdym-saz toparynda işlän döwri çagalyk ýyllaryma gabat geldi. Kakamyň kärdeşleri — Türkmenistanyň halk artisti, bagşy Gaýgysyz Çaryýew, Türkmenistanyň halk artisti, ussat sazanda Han Akyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti, sazanda Amannazar Ataýew dagy öýümize ýygy-ýygydan myhmançylyga gelip, milli sungatymyz, bagşyçylyk ýollary dogrusynda söhbet gurardylar, aýdym-saz ederdiler. Çaga bolsamam, şol gyzykly gürrüňleri, aýdym-sazlary durşum bilen gulaga öwrülip diňlärdim.

— Meşhur halypalaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy dogrusynda aýdaýsaňyz.

— Ýaşlyk ýyllarymyzda aýdýan aýdymlaryndan lezzet alyp, «ganyp» bilmän diňlän, halkymyzyň saýrak bilbilleri bolan meşhur aýdymçylarymyz—Türkmenistanyň halk artistleri Mämi Çaryýewiň, Öwezgeldi Tekäýewiň, Annaberdi Atdanowyň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Nurýagdy Tokgaýewiň, Bally Hajyýewiň ýerine ýetirijilik ussatlyklaryna aýratyn sarpa goýýaryn. Estrada äleminde her biri özboluşly ýol goýan bu halypalaryň özlerinden soňky aýdymçylar üçin hakyky mekdep bolandygyny aýtmak gerek.

— Kakageldi, «Ene ýüregi» diýen aýdymy has belent joşgun bilen ýerine ýetirýärsiň.

— Hawa. Magtymguly Myşşyýewiň goşgusyna Öwezgeldi Tekäýewiň döreden «Ene ýüregi» atly aýdymyny mähriban enelerimiz hakynda örän şowly aýdymlaryň biri hasaplaýaryn. Her gezek şu aýdymy ýerine ýetirenimde, durmuşda hiç zat bilen ornuny çalşyp bolmaýan mährem enelerimize bolan hormat-sarpa kalbymy gaplap alyp, ylhamyma ylham, owazyma owaz goşulan ýaly bolýar.

— Sungat ýolunda ýörelgäňize, göreldäňize eýerýän ýaş şägirtleriňiz barmy?

— Men häzir Mary şäheriniň Bagşylar öýünde çeper ýolbaşçy bolup işleýärin. Bagşylar öýi ýaş bagşylaryň, ýaş aýdymçylaryň iň bir gelim-gidimli ýeri. Olara halypalyk goldawyny berýärin. Şägirtlerimden aýdymçy Eziz Nurberdiýew ýaş estrada aýdymçylarynyň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyryna gatnaşyp, şowly çykyş etdi. Şägirtlerimiň ýene biri Ýeňiş Ýagmyrow hem geljegine umyt bildirilýän ýaş aýdymçy.

— Kakageldi, ogul-gyzlaryňyzyň, agtyklaryňyzyň maşgalaňyzda ozaldan gelýän kesp-käre höweslileri bar bolsa gerek?!

— Bar. Agtygym Döwlet Çaryýew Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebini tamamlap, häzir Wekilbazar etrabynda Hydyr bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebinde mugallym bolup işleýär. Agtyklarymyň biri Aly Çaryýew şol sungat mekdebiniň dutar bölüminde okasa, ýene biri Ahmet Çaryýew gyjak bölüminde tälim alýar. Agtygym Myrat Maksadow Mary şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň fortepiýano bölüminde okaýar.

— Halkymyzy ruhy taýdan galkyndyrmakda ajaýyp döwrümiziň bagşy-sazandalarymyzyň, aýdymçylarymyzyň döredijiligine edýän täsiri dogrusynda-da aýdaýsaňyz!

— Milli aýdym-saz sungatymyza belent sarpa goýulýan bagtyýarlyk zamanamyzda işleýändigimize buýsanýaryn. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda döwletimizde amala aşyrylýan belent hem rowaç işler medeniýet, sungat işgärleri bolan bize egsilmez ylham joşgunyny berýär.

— Kakageldi, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň.

Söhbetdeş bolan Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,

USSAT NEWS.

Başga makalalar
169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.

16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.