Mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen 982 sany raýatymyzyň hem-de 53 sany daşary ýurtly raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda işiniň jemleri jemlenildi
4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.

Aşgabatda Türkmenistanyň ýaş ekologiýaçylarynyň bäsleşiginiň jemleri jemlendi
Aşgabadyň “Şamelek” toý mekanynda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäräni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy we “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengeologiýa” DK-a uglewodorod serişdeleriniň gözlegini netijeli dowam etmegi tabşyrdy
23-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.

Hökümet mejlisinde gaz pudagynda sanlylaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy
17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.

Sagdyn jemgyýet — sagdyn durmuş
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň guramaçylygynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly maslahata toplumyň düzümlerinde zähmet çekýän işgärleridir hünärmenleri gatnaşdy.