Makalalar

Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

https://www.ussatnews.com/storage/posts/12025/original-16978adf15fea7.jpeg

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur. Çünki Watan ynsanyň durmuşyndaky iň uly mukaddeslikleriň biridir. Mukaddesligi sarpalamak, goramak, onuň gymmatyny geljekki nesillere ýetirmek bolsa her bir ynsan üçin belent mertebedir. Şoňa görä-de, Watan goragy mertlik mekdebidir. Şu jähetden, her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzyň ähli künjeginde Watan goragçylarynyň gününiň uly dabaralar bilen bellenip geçilýändigi buýsandyrýar.

Mukaddeslik ähli sarpalanýan, hormatlanyp eziz saýylýan zatlary öz içine alýar. Türkmen halkynyň Watany beýik mukaddeslik saýyp, asyrlarboýy nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýeläp gelýändigi hem şu hakykatdan gözbaş alýar. Gymmatlyklaryň mukaddes bolşy ýaly, olaryň goragy hem mukaddes saýylýar. Şular barada oýlananyňda, Gahryman Arkadagymyzyň: «Adatça, mertler Watany beýgeldýändir, Watan bolsa mertleri beýgeldýändir» diýen parasatly sözleri hakydaňa dolýar. Bu parasatly jümle Watan goragçylarynyň belent şygaryna öwrüldi. Watanyň ykbalyny öz ykbaly hasaplap, il-gününi başyna täç edýän, ömrüniň manysyny mukaddes kasamyna ygrarynda, ýurduna wepasynda görýän merdana ogul-gyzlar Watany beýgeldýärler.

Milli senenamamyzda görnükli orun eýeleýän Watan goragçylarynyň güni keremli Diýarymyza egsilmez söýgimizi, halkymyzyň jebisligini, merdana ýurt goragçylarymyza belent sarpany şöhlelendirýär. Bu şanly senäniň döwlet derejesinde uludan toýlanmagy halkymyzyň watançy ogul-gyzlaryna bolan ynamyny hem-de buýsanjyny dabaralandyrýar. Watan goragy parahat we abadan durmuşyň goragydyr. Parahatçylygyň we asuda durmuşyň gadyr-gymmaty Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly eserleri ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine öňde goýlan wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirmek üçin ýolgörkeziji gollanma, ruhy şamçyrag bolup durýar. Paýhasly pent-nesihatlara ýugrulan eserlerde Gahryman Arkadagymyzyň watansöýüjilik taglymatynyň esaslary şöhlelenýär. Bu eserlerde şöhratly taryhyň sahypalary, türkmeniň egsilmez gaýraty, aldym-berdimli söweşlerde milli erkiň mizemezligi, berkarar döwletimiziň mukaddesligi, jemgyýetimiziň abadançylygy dogrusynda gymmatly pikirler beýan edilýär. Dürdäne eserler taryhy şahsyýetlerimize buýsanjy kalbymyzda nagyşlaýar. Halkymyzyň Oguz han, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar, Baýram han, Jelaleddin Menguberdi, Görogly beg ýaly at-owazasy dünýä dolan merdana şahsyýetleri edermenligi, gaýduwsyzlygy bilen birlikde, parasatlylygy, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi bilen halkyň abadan durmuşynyň üpjün edilmeginde uly hyzmatlary bitiripdirler.

Ata-babalarymyz ähli döwürlerde-de Watany, topragy, il-halkyny söýüp, bu mukaddeslikleri döş gerip goran, ýurt üçin janyny aýamadyk gerçeklere aýratyn sarpa goýupdyrlar. Watanyna wepaly bolup, il-gününi, ene topragyny jany-teni bilen söýüp bilýän ynsan başga milletlere we döwletlere hem sarpa goýup biler. Bu günki gün Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, «Dialog — parahatçylygyň kepili» taglymatyndan ugur alyp, halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Watanymyz dost-doganlyk mekany, ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýäde tanalýar. Parahatçylyk söýüji daşary syýasaty ýöredýän ýurdumyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, milli goşunymyz howpsuzlygy we bitewüligi üpjün edýän, döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň iň möhüm bähbitlerini goraýan güýçdür.

Watançy gerçekler ýurdumyzyň polat galkanydyr. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen gününden bäri geçen döwrüň dowamynda milli goşunymyzyň goranmak kuwwaty barha berkidilip, iň täze, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan harby tehnikalar bilen üpjün edilýär. Şunuň bilen birlikde, häzirki döwürde harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şoňa görä-de, Watan goragçylary üçin ýokary amatlykly täze binalardyr desgalar toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Watan goragçylarymyzyň durmuş we hukuk taýdan goraglylygyny amala aşyrmagyň möhüm şert bolup durýandygy üçin «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» we «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, harby gullukçylarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri, hukuk taýdan goraglylygy has-da ýokarlandyrylýar. Kalbynda watançylyk duýgusy gaýnap joşýan her bir harby gullukçynyň ata Watanyň goragynda sak durmagy, harby borjuny ak ýürekden ýerine ýetirmegi üçin milli goşunymyzyň düzümlerinde ähli zerur mümkinçilikler döredilýär.

Her bir ynsanda edermenlik, gaýduwsyzlyk, mertlik ýaly asylly häsiýetleri kemala getirýän mukaddes borç Watan goragydyr. Şunuň bilen birlikde, Watanyň gülläp ösmegi, il-günüň asuda durmuşy ugrunda çekilýän zähmet hem mukaddesdir. Watan üçin edilen yhlas, her bir gahrymançylykly hereket, döredijilikli pikir, halal zähmet nesiller üçin nusgalykdyr. Çünki Watan söýgüsi biziň her birimiziň aňymyzda, kalbymyzda ebedilik ýaşaýar.

Oraznazar HEŞDEKOW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.


1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

169083a25cc418.jpeg
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy

Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.


169082eb711208.jpeg
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy

«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.