Mukaddes Remezan aýy kalbymyzy, ruhumyzy päkledi

20:45 12.05.2021

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1212/original-1609bf80a4aad0.jpeg

Mukaddes Remezan aýynda külli musulman dünýäsinde bir aýlap dowam eden agyz beklemek dessury, diňe bir bedenimizi däl, kalbymyzy, ruhumyzy päkläp, birek-birege bolan mähir-söýgimizi, ynsap-imanymyzy oýaryp, kämilleşdirdi. Bizi ýaradan Biribara golaýlaşdyrdy.

Musulman senenamasynyň dokuzynjy aýy bolan «Aýlaryň soltany» adyny alan Oraza haýyr-sahawata, ynanç-ygtykatlara, ýagşy niýet-pällere, alkyş-dileglere, mähir-muhabbete, sogaplara beslenmek bilen, bu aýda agyz beklemek dessury ýerine ýetirildi. Oraza aýynyň adamlar tarapyndan aýratyn hormat-sarpa eýedigini, bu aýdaky edilen däp-dessurlaryň parzdygyny, edilen ýagşy işleriň jogabynyň ähli eden arzuwlarymyzyň maksat-myrady bolup gaýdyp geljekdigine bolan ynamymyzyň mizemezdigini aýan edýär. Oraza aýynda ýerine ýetirilýän dessurlaryň ählisi il agzybirligini, birek-birege goýulýan sarpany, beden sagdynlygyny, arassaçylyk bilen bagly edim-gylymlary, ýagşy niýet-pälleri, sahawaty ündeýär.

Milli däp-dessurlarymyzyň, medeni mirasymyzyň ösdürilmegine uly goşant goşýan Oraza aýynyň edim-gylymlary nesillerden nesillere geçirilmeli mukaddes ýörelgedir.

Merdanmuhammet DURDYMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Başga makalalar
16633b43dd9f61.jpeg
Täze gözýetimleri nazarlaýan gidrogeologlar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň agzybir agzalary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünlikli jemlemek bilen, 2024-nji ýylyň işlerine guramaçylykly girişdiler.


16621837325e1e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr.


166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.


165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.