Aşgabatdan «Ak işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary ýola goýlar
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Ak işan» aramgähine zyýarat etmek isleýän paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ýörite mugt awtobus gatnawlary guralýar. Bu haýyr-sahawat başlangyjy «Sarwan» hususy kärhanasynyň goldawy bilen «Awtomobil ulag hyzmaty» jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylýar.
Tertipnama we ugur:
Gatnawyň möhleti: 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan 26-njy apreline çenli dynç günleri (şenbe we ýekşenbe).
Aşgabatdan ugramaly wagty: sagat 08:00-da, demir ýol menzilinden.
Yza gaýtjak wagty: sagat 15:00-da, «Ak işan» aramgähinden paýtagta tarap.
Guramaçylar bu syýahatyň zyýaratçylar üçin niýetlenendigini we tölegsiz esasda amala aşyrylýandygyny belleýärler.
Goşmaça maglumat almak we gatnawlaryň maglumatlary bilen tanyşmak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: +99361-49-34-95 we 44-35-20.
Тестовая запись
Тестовая запись
Hususy kärhanalaryň işgärleri tölegsiz iňlis dili okuwlaryna çagyrylýar
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan maliýeleşdirilýän Iňlis dilini ösdürmek (ELCD) maksatnamasy hususy kärhanalaryň işgärlerini Aşgabat, Balkanabat, Daşoguz, Mary, Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerinde geçiriljek tölegsiz iňlis dili kurslaryna gatnaşmaga çagyrýar.
«TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň Türkmenabatdaky ikinji tapgyryna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşigi başlandy
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy “Tälim” okuw merkezi bilen bilelikde guraýan “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň Türkmenabatdaky ikinji tapgyryna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşiginiň yglan edýär.
USAID-ň YDA taslamasy NEBOSH IGC boýunça okuw we halkara sertifikatlaşdyrylyş maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüztutmalary kabul edýär
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) ýaşlary Türkmenistanda NEBOSH IGC boýunça okuw we halkara sertifikatlaşdyrylyş maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu maksatnama USAID-iň YDA taslamasy tarapyndan "Kämiran" türkmen kompaniýasy we “Industrial and Operational Support Services” (IOSS) halkara okuw merkezi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.
QED Group kompaniýasy bilim merkezlerini hyzmatdaşlyga çagyrýar
QED Group kompaniýasy bilim merkezlerini «English Language Capacity Development Program (ELCD)» / «Iňlis dili öwretmeginiň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu maksatnama ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan maliýeleşdirilýär.