Tölegsiz bildirişler

QED Group kompaniýasy bilim merkezlerini hyzmatdaşlyga çagyrýar

https://www.ussatnews.com/storage/posts/9020/original-16741bfbe2e848.jpeg

QED Group kompaniýasy bilim merkezlerini «English Language Capacity Development Program (ELCD)» / «Iňlis dili öwretmeginiň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu maksatnama ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Maksatnamanyň çäginde gyzyklanma bildirýän bilim merkezlerinde Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin 9 aýlyk iňlis dili sapaklary guralar.

Gyzyklanma bildirýän taraplar aşakdaky linkde online- formany 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 25-ne sagat 18:00-a çenli doldurmaklygy haýyş edýäris:

https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSd7Aan8VmoawjHw50NNzTSg61SmQp6gRo9Sk_b8AGAAv6IZHw/viewform 

Başga tölegsiz bildirişler
169aec6a695c87.png
Aşgabatdan «Ak işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary ýola goýlar

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Ak işan» aramgähine zyýarat etmek isleýän paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ýörite mugt awtobus gatnawlary guralýar. Bu haýyr-sahawat başlangyjy «Sarwan» hususy kärhanasynyň goldawy bilen «Awtomobil ulag hyzmaty» jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylýar.


Тестовая запись

Тестовая запись


16942769a1c6e0.png
Hususy kärhanalaryň işgärleri tölegsiz iňlis dili okuwlaryna çagyrylýar

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan maliýeleşdirilýän Iňlis dilini ösdürmek (ELCD) maksatnamasy hususy kärhanalaryň işgärlerini Aşgabat, Balkanabat, Daşoguz, Mary, Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerinde geçiriljek tölegsiz iňlis dili kurslaryna gatnaşmaga çagyrýar.

1676f9b13afea7.png
«TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň Türkmenabatdaky ikinji tapgyryna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşigi başlandy

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy “Tälim” okuw merkezi bilen bilelikde guraýan “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň Türkmenabatdaky ikinji tapgyryna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşiginiň yglan edýär.


1676adff3684f7.jpeg
USAID-ň YDA taslamasy NEBOSH IGC boýunça okuw we halkara sertifikatlaşdyrylyş maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüztutmalary kabul edýär

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) ýaşlary Türkmenistanda NEBOSH IGC boýunça okuw we halkara sertifikatlaşdyrylyş maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu maksatnama USAID-iň YDA taslamasy tarapyndan "Kämiran" türkmen kompaniýasy we “Industrial and Operational Support Services” (IOSS) halkara okuw merkezi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.