Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň iri täze gurluşyklaryny dikuçardan synlady

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1242/original-160a7d7df9abfb.jpeg

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň ýokarsyndan dikuçarda aýlanyp, paýtagtymyzda Aşgabadyň 140 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny we onuň ýanaşyk ýerlerinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş işlerini synlady.

Paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda oňyn özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ulag-aragatnaşyk düzümini döwrebaplaşdyrmakdan we ösdürmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara şunuň bilen baglanyşykly meseleleri, şol sanda hereket edýän ýollaryň durkuny täzelemek hem-de täze ýollary çekmek, jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalaryny, ýerasty we ýerüsti geçelgeleri abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, bu taslamany üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň çäklerinden geçýän ýük daşamalarynyň mukdaryny artdyrmaga we çaltlandyrmaga gönükdirilendir. Aşgabat-Türkmenbaşy ýoly bilen birleşmegi netijesinde, ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen birleşdirýän awtoban ýük awtoulaglaryna Türkmanbaşydaky Halkara deňiz portuna göni çykalgany üpjün eder.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz dikuçardan paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan kottejler toplumyny synlady. Paýtagtymyzyň ilaty üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüljek bu toplumda adamlaryň eşretli ýaşamagy, amatly dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň üstünlikli alyp barýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine, raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin döredilýän oňaýly şertler, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly meselelere hemişe aýratyn üns berýär.

Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzyň işewürlik merkeziniň esasyny düzýän “Garagum” myhmanhana toplumynyň ýerleşýän ýeriniň üstünden öwrüm etdi. Bu ýerde häzirki zaman seýilgäh toplumy we döwrebap ýerasty geçelgesi bina edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, desgalaryň gurluşygy ýokary hil derejesinde amala aşyrylýar hem-de bellenilen möhletde tamamlanar.

Bu gün 140 ýyllyk şanly toýuna barýan Aşgabat ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýar. Paýtagtymyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynda innowasion we sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar.

Döwlet Baştutanymyz uçuşyny dowam edip, paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde gurluşygy batly depgin bilen dowam edýän “Aşgabat” söwda toplumynda ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek bu toplumda söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini ýola goýmak, telekeçileriň alyp barýan işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.

Bu ýerde söwda we hyzmatlar ulgamyny alyp barmakda, medeniýetli dynç alşy guramakda dünýäniň iň gowy tejribesi işjeň ulanylar. Bularyň hemmesi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam edýär.

Bu taslamanyň çäklerinde, halkara ähmiýetli işewür duşuşyklaryny we dürli çäreleri geçirmek üçin şertleriň döredilmegi göz öňünde tutulýar.

Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzyň günorta künjegine tarap ugur aldy. Milli Liderimiz guşuçar belentlikden bu künjekde alnyp barylýan işleri, seýilgählere we gök zolaklara edilýän ideg işleri hem-de döwrebap binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz uçuşynyň dowamynda şäheriň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Arkadag” myhmanhanasynyň gurluşygynyň barşy bilen gyzyklanyp, onuň töwereklerinde döredilýän seýilgäh zolaklaryny, bina edilen desgalaryň özboluşly sazlaşygyny synlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, myhmanhanada iň ýokary halkara derejesindäki maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredilmelidir. Toplumyň daş-töwereginde döredilýän bagy-bossanlyk, suw çüwdürimleri Türkmenistanyň ekologiýa meselesine möhüm ähmiýet berýändigini aýdyň görkezmelidir.

Ýurdumyzyň ähli myhmanhanalarynda bolşy ýaly, bu ýerde hem hyzmatlar ýokary derejede we birkemsiz üpjün ediler, munuň özi türkmen halkynyň gadymy myhmansöýerlik däplerine kybap gelýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ulanmak hem-de olaryň uzakmöhletli geljege niýetlenilmegi, sazlaşyklylyk we oňaýlylyk, adamlaryň abadan durmuşy, döredijilikli zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek meseleleri şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýdir.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.