Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşigiň jemi jemlenildi
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda ,,Arkadagyň ak mermerli şäheri, Gözelligiňe älem aşyk, Aşgabat!’’ atly paýtagtymyzyň ösüşlerini, özgerişlerini açyp görkezýän we çeper beýan edýän iň gowy makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgudyr hekaýalaryň döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylynda, sebitde gözelligiň taýsyz nusgalyk şäherine öwrülen Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli ,,Türkmengaz”, ,,Türkmennebit’’ döwlet konsernleriniň ,,Türkmengeologiýa’’ DK-nyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň we ,,Nebit-gaz’’ gazetiniň bilelikdäki guramaçylygynda yglan edilen bäsleşigiň jemleniş dabarasyna degişli toplumyň edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Dabaraly çäräniň barşynda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşigiň netijesi boýunça 1-nji orna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ,,Jemgyýeti öwreniş ylymlary’’ kafedrasynyň müdiri, professor Nurýagdy Suwhanow, ,,Türkmengaz’’ DK-nyň Medeni işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň halk maslahatynyň agzasy Annagül Gurdowa, ,,Nebit-gaz’’ gazetiniň habarçysy Akgül Saparowa; 2-nji ýere ,,Türkmengaz’’ DK-nyň ,,Aşgabatgaz’’ müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Merjen Myradowa, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy Geldimyrat Seýtiýew, ,,Türkmengaz’’ DK-nyň ýörite işler boýunça baş hünärmeni Gülşat Myratmuhammedowa; 3-nji orna hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz umiwersitetiniň mugallymy Yslam Durdyýew, ,,Nebit-gaz’’ gazetiniň habarçysy Ýazgül Rahmanowa, ,,Türkmengaz’’ DK-nyň ,,Döwletabatgazçykaryş’’ müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Ibraýimguly Ilamanow dagy mynasyp boldy. Ýeňijilere Hormat hatlary we milli Liderimiziň adyndan Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň gymmat baha sowgatlary gowşuryldy.
Döredijilik bäsleşigiň ýeňijileri Aşgabady dünýäniň iň owadan, nusgalyk şäherine öwürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň has-da rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler we işlemäge hemme şertleri döredýendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Dabaranyň dowamynda ,,Türkmengaz’’ DK-nyň Medeni işewürlik merkeziniň sungat ussatlary ak şäherimiz Aşgabady wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.
Baýramçylyk ruhunda diýseň şowhunly we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabara, oňa gatnaşyjylaryň ýurdumyzyň ähli mümkinçiliklerini halkymyzyň abadan durmuşyna gönükdirýän hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri bilen jemlenildi.
Ussat news
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.