Makalalar

Döwletimiziň ekologiýa syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1254/original-160ac0248f3824.jpeg

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak maksatnamanyň çäklerinde 2013-2020-nji ýyllarda ýurdumyzda bag nahallarynyň ekilýän görnüşleri we meýdanlary artdyryldy. Şeýle hem tokaý zolaklaryny giňeltmek, tebigy baýlyklary goramak we ekologiýa babatda bar bolan kanunçylyk namalary kämilleşdirildi. Bu ugurda sebit we halkara derejesindäki özara peýdaly hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

Ýurdumyzyň tebigy we howa aýratynlyklaryny nazara alyp hem-de tokaý zolaklarynyň meýdanlaryny mundan beýläk-de giňeltmek, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak maksady bilen, döwletimiziň ekologiýa syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär hem-de Türkmenistanyň tassyklan halkara ekologiýa maksatnamalaryndan we konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy.

Bu resminama saýaly, pürli, miweli bag nahallarynyň, üzümleriň hem-de çöl ösümlikleriniň ekilmegi boýunça ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýörite meýilnamanyň taýýarlanylmagyny esasy ugur edinýär.

Diýarymyzyň tebigy ekoulgamynyň aýratynlyklary we toprak-howa şertleri nazara alnyp, Maksatnamada Türkmenistanyň Tokaý kodeksine laýyklykda, tokaý hojalyklarynda, döwlet tebigy goraghanalarynda ösdürilip ýetişdiriljek bag nahallarynyň görnüşleri, ýurdumyzda tokaýçylygy ösdürmek boýunça geçiriljek ylmy-barlag işleriniň, guramaçylyk çäreleriniň ugurlary, kadalaşdyryş-hukuk namalaryny taýýarlamagyň meýilnamasy kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly daşky gurşawy goramagyň, tebigata aýawly çemeleşmegiň, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin saklamagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gök zolaklary döretmek ýörelgesi ýurdumyzyň durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň esasy gurallarynyň biri bolup durýar. Ol öňdebaryjy tejribelere, täzeçil tehnologiýalara we köpasyrlyk milli däplere daýanýar.

Diýarymyzda ekologiýa meselesine möhüm üns berilýär. Häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň netijeli çözgüdini işläp taýýarlamakda möhüm orun eýeleýän ýurdumyz tebigaty goramak, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Bu gün Türkmenistanda giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olar ykdysadyýetimiziň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyny şertlendirýär. Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi, Milli tokaý maksatnamasy ýaly ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde adam eli bilen döredilýän tokaýlaryň möçberleri has-da giňeldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleri toplumlaýyn we ylmy esasda çemeleşmeler arkaly işjeň dowam etdirmegiň wajypdygyny belleýär.

Altynaý ANNAGULYÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinyň talyby.

Başga makalalar
16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.

16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.