Aşgabat şäherinde birbada 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy giňden dabaralanýan günlerinde, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän Çoganly ýaşaýyş toplumynda birbada 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi.
Täze ýaşaýyş toplumy paýtagtymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň aýdyň netijesidir. Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurlan jaýlaryň otaglarynda, aşhanalarynda we beýleki desgalarynda zerur mümkinçilikler üpjün edildi. Her ýaşaýyş jaýynyň özüniň mellek ýeri bolup, bu ýerde ekerançylyk, bagçylyk bilen meşgullanmak üçin şertler bar. Jaýlaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, adamlaryň mynasyp ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegi, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy, Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda hem-de ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.