Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul etdi
26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi.
Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň tüýs ýürekden salamyny hem-de şanly wakalar, şol sanda türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy we Türkmenistanyň Prezidentiniň örän gyzykly hem-de möhüm bolan eserleriniň — ajaýyp Aşgabat şäherine we milletiň ruhy gymmatlyklaryna bagyşlanan kitaplarynyň neşir edilmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi.
Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, goňşy ýurduň ýolbaşçylaryna hem-de dostlukly halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mäkäm binýadynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy köptaraply döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýy hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ozaly bilen, iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň sebit boýunça goňşulary bilen doganlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, şol ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetiniň köp babatda Merkezi Aziýada amatly syýasy we ykdysady ýagdaýyň emele gelmegini şertlendirýändigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, ýurtlaryň ikisi hem umumy, möhüm meseleleri bilelikde çözmekde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýärler, şol meseleleriň hatarynda sebitde suw serişdelerini dolandyrmak hem-de rejeli peýdalanmak wezipesi-de bar.
A.Kamilow biziň döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli syýasata hem-de türkmen Lideriniň ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berip, Özbegistanyň geljekde hem ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň, şeýle hem beýleki halkara düzümleriň çäklerinde öňe sürýän tekliplerini hemmetaraplaýyn goldajakdygyny nygtady.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Özbegistanyň köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň iň gowy ýörelgelerini dowam etmäge hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklaryň giňeldilmegine özara taýýardyklaryny tassyklap, möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.
Iki goňşy döwlet hem kuwwatly ykdysady mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, ynanyşmak hem-de özara bähbitleri nazara almak ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi ugur edinýändikleri bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň alyp barýan işlerini işjeňleşdirmegiň hem-de dürli derejede ikitaraplaýyn duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigine üns çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy birek-birege hoşniýetli arzuwlary beýan edip, netijeli döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
***
Şol gün degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi, onuň jemleri boýunça iki möhüm resminama: Ýerden muzdly peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga goşmaça Ylalaşyga hem-de Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.