Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejeli Ählumumy “tegelek stoluň” başyndaky maslahata gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Gazyp alýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir” mowzugy bilen geçirilen ýokary derejeli Ählumumy “tegelek stoluň” başyndaky maslahata gatnaşdy. Onlaýn görnüşindäki maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreş geçirdi.
Forumyň baş maksady ählumumy, sebit hem-de milli derejelerde “2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini” durmuşa geçirmäge ýaramaz täsir edýän howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin anyk hereketleri we teklipleri kesgitlemekden ybarat boldy. Gazyp alýan pudaklaryň, şol sanda nebit, gaz we dag-magdan senagatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Zäherli gazlaryň howa zyňylmagyny azaltmakda bu pudaklara möhüm orun degişlidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede geçirilen duşuşykda çykyş etmek bilen, ýurdumyzyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdini taýýarlamak, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyna ygrarlydygyny belledi.
“Hususan-da, BMG-niň pes uglerod energetikany ösdürmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegini zerur hasaplaýarys. Biziň ikinji teklibimiz BMG-niň howandarlygynda energetikanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça halkara “Ýol kartasyny” döretmekden ybaratdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Häzirki döwürde Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalara laýyklykda, Türkmenistanda BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň goldaw bermeginde howanyň üýtgemegi hakynda Dördünji milli hasabaty hem-de Birinji ikiýyllygyň habaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu resminamalaryň ikisi hem 2023-nji ýylyň başynda BMG-niň sekretariatyna hödürlener.
“Senagaty ösdürmek boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde ozon gatlagyny goramak babatda iki iri taslamalaryň ikisini amala aşyrmaga taýýarlyk işlerini alyp barýarys” diýip milli Liderimiz belledi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda öndürilýän önümleriň uglerod göterimi yzygiderli peselýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe maglumatlary mysal hökmünde beýan etdi. Türkmenistanyň Üçünji milli maglumatlarynyň çäklerinde geçirilen bilermenleriň bahalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli döwürde ykdysadyýetiň ösüşi jemi içerki önümiň birligine görä energiýa sarp edilişiniň udel agramy peseler. Şeýlelikde, kömürturşy gazyň zyňyndylarynyň artmagyny 2025-nji ýylda 122 göterime çenli, 2030-njy ýylda bolsa 118,1 göterime çenli peseltmek göz öňünde tutulýar.
“Dünýäde iri serişde öndüriji ýurtlaryň biri bolmak bilen, bu ugurda öz jogapkärçiligine doly düşünýän Türkmenistan önümçilik maksatlary bilen daşky gurşawy goramak boýunça wezipeleriň arasynda deňeçerligi saklamak ugrunda ähli tagallalary edýär” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ýurdumyzda tokaýlary dikeltmek, howa şertleriniň täsirini peseltmek üçin ýerden peýdalanmak usullaryny gowulandyrmak ugrunda uýgunlaşdyryjy çäreler giňden ornaşdyrylýar. Diňe şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda goşmaça 30 million düýp bag nahallaryny ekmek meýilleşdirilýär. Bu işler uzak geljegi nazarlamak bilen maksadalaýyk we netijeli amala aşyrylar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.