Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň altyn nyşany bilen sylaglanyldy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1293/original-160b59472aa610.jpeg

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda habarlary alyşmak hem-de habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklar babatda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň giňeldýär.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar—iri habarlar agentlikleri, abraýly neşirler, meşhur teleýaýlymlary bilen bilelikde, özygtyýarly Türkmen döwletiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de ýurdumyzy halkara habarlar giňişligine goşmak, metbugat we elektron köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, hususan-da, Internet serişdelerinde täzelikleri, habarlary ýaýratmak, syn we seljerme materiallaryny çap etmeklik boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň gerimli gazananlary baradaky habarlary, milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň amala aşyrylmagy, demokratik özgertmeleriň geçirilmegi hem-de döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryndaky iri taslamalaryň durmuşa geçirilişi boýunça habarlary çalt ýaýratmaga mümkinçilik berýär.

Media ulgamynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biri--“Mir” döwletara teleradiokompaniýasy umumy habarlar giňişligini saklamak hem-de GDA-da habarlary halkara derejesinde alyşmak maksady bilen, 1992-nji ýylda döredildi.

“Mir” döwletara teleradiokompaniýasy ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň işine berýän goldawy, köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň döşe dakylýan altyn nyşany bilen sylaglanyldy. Bu ýokary sylag meşhur teleradiokompaniýanyň žurnalisti bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyza gowşuryldy.

Türkmenistan “Mir” döwletara teleradiokompaniýasyna millionlarça tomaşaçylary bolan, ýurtlaryň we halklaryň arasynda syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýän öňdebaryjy teleradiokompaniýlarynyň biri hökmünde garaýar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, milli žurnalistikany ösdürmeklik hem-de teleradioýaýlymlaryň işgärleriniň sanly ulgam babatda bilim derejesini ýokarlandyrmaklyk, öwrediji we gyzykly mazmunly gepleşikleri taýýarlamakda daşary ýurtlaryň tejribesini öwrenmeklik hem-de ulanmaklyk boýunça uly işler geçirilýär.

Bu gün ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň öňünde hemişelik Bitaraplyk derejesiniň many-mazmunyny düşündirmek, “Türkmenistan –parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň Watany” diýen şygaryň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen, anyk wezipeler goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, dünýä we milli habarlar agentlikleri, döredijilik hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen habarlary alyşmak, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri beýan etmekde iri halkara neşirleriniň gyzyklanmasyny goldamak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek geçirilýän işiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça bu ugurda hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmak üçin yzygiderli çäreler görülýär. 2020-nji ýylyň noýabrynda meşhur teleradiokompaniýanyň ýolbaşçysy-- “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň başlygy R.I.Batyrşin bilen geçirilen onlaýn duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň DIM-niň hem-de “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň arasynda habarlar syýasaty babatda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Şol resminamalaryň kabul edilmeginiň Arkalaşygyň ýurtlarynda bolup geçýän wakalary giňden we yzygiderli beýan edýän “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň serişdelerinde täzelikleri hem-de habarlary ýerleşdirmek arkaly türkmen habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim bolandygyny bellemek gerek. Şeýlelikde, Türkmenistanyň gazananlaryny beýan etmek boýunça işler giň gerime eýe boldy.

Duşuşygyň barşynda bilelikde geçirilýän işleriň geljekde hem dowam etjekdigine, dünýä giňişliginde Türkmenistanyň abraýynyň has-da artmagyna we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň habarlar giňişliginiň ösmegine ýardam etjekdigine ynam bildirildi. Bu bolsa, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna doly kybap gelýär.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.