Habarlar

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1325/original-160be57ad9f5d0.jpeg

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde bellenilen pursatlarynda ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Arkadag Prezidentimize şanly sene mynasybetli sowgat berlen, 2018-nji ýylda doglan Hankerwen atly bedewi hem-de toý lybaslaryny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa uly hormat bilen gowşurdy.

Bu gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän atçylyk toplumlarynda, aýlawlarda zähmet çekýän ussat seýisler, yhlasly atbakarlar ganatly bedewlerimiziň şöhratly taryhynyň döwrebap derejede dowam etdirilmegine saldamly goşant goşýarlar. Munuň özi milli atşynaslyk däpleriniň gadymy ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ruhuna laýyklykda ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Bu görnüşler ynsan bilen bedewiň aýrylmaz arabaglanyşygyny, milletiň buýsanjyna öwrülen ajaýyp bedewleriň Diýarymyzda giňden tutulýan toý-baýramlaryň esasy bezeglerdigini alamatlandyrdy. Türkmenistanyň ösüşleriň we beýik ýeňişleriň belentliklerine tarap batly gadamlary bedew badyna meňzedilýär.

«Hankerwen» diýen sözüň aňyrsynda türkmen ilinde mukaddeslik derejesine göterilen dowamat bar. Kerwen hatarlarynyň uzap gidişi ýaly, bu ugurda bar bolan asylly ýörelgeler taryhyň dowamynda nesilden-nesle geçip, dowam bolsun diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde bu ajaýyp bedewe özleriniň eýe çykmagynyň dogry boljakdygyny aýdyp, atşynaslarymyzyň behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagynyň bähbidine zerur tagallalary etjekdiklerine ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Atyň aýagy batly bolsun, bili kuwwatly bolsun, bedew şöhratly bolsun!” diýen ganatly jümleleri aýdyp, iň gowy arzuw-umytlar bilen bedewi Serdar Berdimuhamedowa gowşurdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde idedilýän Hanbeg, Serdar Berdimuhamedow bolsa, Şapolat atly bedewlerde çapuw ýodasynda gezim etdiler.

Munuň özi peder-perzent mekdebiniň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriniň bu gün mynasyp derejede dowamata atarylýandygynyň, milli atşynaslyk däpleriniň täze mazmun bilen ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Ata-babalarymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde mukaddes türkmen topragynda ýetişdirilen we ajaýyplygy, syratlylygy hem-de ýyndamlygy bilen şan-şöhrata eýe bolan behişdi bedewler halkymyzyň milli gymmatlygydyr, olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň toý-baýramlarynyň, şanly seneleriniň esasy bezegidir.

Häzir ýurdumyzda atçylygy ösdürmek we ahalteke bedewleriniň tutuş dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak boýunça netijeli çäreler geçirilýär. Atçylyk pudagyny ylmy taýdan ösdürmek, bu ugurdaky amala aşyrylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmek üçin niýetlenen döwrebap atçylyk-sport toplumlaryny gurmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow atly gezelenjiň dowamynda eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamada kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işleri, ýurdumyzyň gündelik durmuşynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz häzir ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde her bir adamyň mynasyp goşandynyň bolmalydygyny aýdyp, bu ugur boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek babatda atalyk pentlerini, degişli tabşyryklaryny berdi. Aýratyn-da, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, şöhratly pederlerimiziň döreden milli gymmatlyklarynyň dowamata atarylmagy bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde saklanylmalydyr.

Bu gün ýurdumyzda atçylyk pudagynyň okgunly ösdürilmegine itergi bermäge, at çapyşyklarynda, atly sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlarda, hususan-da, konkur hem-de at üstündäki milli oýunlar boýunça bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmäge ukyply türgenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Bu bolsa milli atşynaslyk däpleriniň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň misilsiz subutnamasydyr.

Arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmäge, bu tohumy kämilleşdirmäge hem-de ajaýyp tohumçylyk häsiýetlerini ösdürmäge ýöriteleşdirilen dürli ýurtlaryň atşynaslarynyň duşuşyklary hem-de özara gatnaşyklary üçin netijeli gurama öwrülen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň giň gerimli işi behişdi bedewleriň tutuş dünýäde şan-şöhratyny artdyrmaga ýardam edýär.

Başga habarlar
16808b28c1a550.jpeg
Türkmenistanyň TEIF 2025 halkara maýa goýum forumy öz işine başlady

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde günüň ikinji ýarymynda Malaýziýanyň paýtagtynda Kuala-Lumpur maslahat merkezinde (KLCC) Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy – TEIF 2025-iň açylyş dabarasy geçirildi.


168087fc291e7b.jpeg
Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlaýar

Şu gün Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum başlaýar. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Türkmen energiýa forum” HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.


168087e9d5dcda.jpeg
Serdar Berdimuhamedow TEIF 2025 halkara forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.

16800c789cd51a.jpeg
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär

2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy.


167ffb5b95db7a.jpeg
Türkmenistan we Ýaponiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýär

15-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.