Peýdaly maslahatlar

Emosiýanyň adam saglygyna täsiri

https://www.ussatnews.com/storage/posts/13285/original-16a6b1a1f1ce92.jpeg

Emosiýa — bu adamyň içki duýgularynyň, pikirleriniň we daşky ýagdaýlara bolan reaksiýasynyň ýüze çykmasydyr. Adam gündelik durmuşynda dürli görnüşli emosiýalary başdan geçirýär: şatlyk, gynanç, gahar, gorky, alada, buýsanç, söýgi we beýlekiler. Emosiýalar diňe bir adamyň ruhy ýagdaýyna täsir etmän, eýsem, onuň fiziki saglygyna hem uly täsir edýär. Şonuň üçin emosiýalaryň adamyň saglygy bilen nähili baglanyşýandygyny öwrenmek möhüm meseleleriň biridir.

Şatlyk, kanagatlanma, söýgi we ruhubelentlik ýaly oňyn duýgular, emosiýalar adamyň bedeninde peýdaly biologik üýtgeşmeleri döredýär. Şeýle ýagdaýlarda adam özüni rahat duýýar, nerw ulgamy kadaly işleýär we beden energiýa bilen üpjün bolýar. Alymlaryň bellemegine görä, şatlykly ýagdaýda bolan adamda immun ulgamy güýçlenýär we dürli kesellere garşy göreşmek ukyby ýokarlanýar. Şeýle hem ýürek-damar ulgamynyň işi kadaly bolýar, gan basyşy deňagramly saklanýar. Oňyn emosiýalar adamyň psihologik ýagdaýyny hem gowulandyrýar. Şeýle adamlar, köplenç, durmuşdaky kynçylyklara sabyrly çemeleşýärler we çözgüt tapmaga ukyply bolýarlar. Şeýle ýagdaýlar adamyň iş öndürijiligini hem ýokarlandyrýar. Ruhy taýdan gowy ýagdaýda bolan adam işde has döredijilikli bolýar, täze pikirleri öňe sürýär we jemgyýet bilen aragatnaşygy hem gowy saklaýar.

Emosiýalary dolandyrmagy öwrenmek möhüm hasaplanýar. Adam öz duýgularyny doly gözegçilikde saklap bilmese-de, olary dogry ugra gönükdirmegi öwrenip biler. Munuň üçin birnäçe peýdaly usullar bar. Ilki bilen, sagdyn durmuş ýörelgesini saklamak möhümdir. Sport bilen meşgullanmak, arassa howada gezelenç etmek, wagtynda dynç almak we kadaly iýmitlenmek emosiýalaryň deňagramly bolmagyna kömek edýär.

Şeýle hem meditasiýa, dem alyş maşklary we dürli rahatlandyryjy usullar adamyň nerw ulgamyny köşeşdirýär. Şeýle usullar stres derejesini peseldýär we adamyň özüni has rahat duýmagyna kömek edýär. Mundan başga-da, adam öz duýgularyny ýakyn adamlary bilen paýlaşsa, ruhy taýdan ýeňillik duýýar. Dostlar, maşgala agzalary we jemgyýet bilen gowy aragatnaşyk saklamak hem emosiýalaryň sagdyn bolmagyna uly täsir edýär.

Şemşat ABAÝEWA,

«Türkmennebit» DK-nyň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Başga peýdaly maslahatlar
16a4a98f37215f.jpeg
Aýdym-saz täsin güýçdür

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.


16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.