Makalalar

Ýurdumyzyň ösümlik hem haýwanat dünýäsi barha baýlaşyp

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1333/original-160bfc643429d8.jpeg

Hormatly Prezidentimiziň daş-töweregimizi gurşap alan tebigaty gorap saklamak, ekologiýanyň arassalygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän halkara bähbitli teklipleri, oňyn başlangyçlary bütin dünýäde giň goldaw tapýar.

Bagtyýarlyk zamanamyzda döwletimizde şu wajyp mesele bilen baglanyşykly kanunlaryň kabul edilmegi netijesinde ülkämizde daşky gurşawyň arassa bolmagy üpjün edilýär, ýurdumyzyň ösümlik hem haýwanat dünýäsi barha baýlaşyp, ülkämiz owadan hem ajaýyp keşbe girýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döredilen goraghanalaryň ösümlik hem haýwanat dünýäsi bilen tanşanyňda, muňa aýdyň göz ýetirýärsiň.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň çäginde ýerleşýän Bathyz döwlet tebigy goraghanasy özboluşly, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen aýratyn tapawutlanýan künjekleriň biri. Bu ýerdäki dürli ot-çöpleriň dermanlyk häsiýeti bar. Mundan segsen ýyla golaý wagt ozal gulanlary hem-de şu ýerdäki tebigy pisse tokaýlyklaryny gorap saklamak, olary ösdürmek, baýlaşdyrmak maksady bilen döredilen Bathyz döwlet tebigy goraghanasy örän giň meýdany tutýar.

Arazsoltan PYHYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
16acd1beb287a4.jpeg
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär

21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.


16ab744755266a.jpeg
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi

23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.


16a7caed96ef8f.jpeg
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.

16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.