Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA

06:19 10.06.2021

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1341/original-160c168af88224.jpeg

Aýdym adamlaryň göwün syrdaşy. Ol adamlaryň kalbyna ene hüwdüsi bilen geçýär. Enäniň mylaýym sesi çaga beýnisine mydamalyk ýazylýar. Köp adam şol sese ömürboýy maýyl bolup, aýdym-sazyň ummanynda ýüzüp başlaýar. Şeýle ynsanlaryň biri «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy Annagül GURDOWADYR. Onuň çagalygyndan aýdýan aýdymlary türkmen halkynyň söýüp diňleýän aýdymlaryna öwrüldi. Biz hem gursagy aýdymdan doly zenan bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

– Annagül halypa, sungat älemine gelşiňiz barada birki agyz gürrüň beräýseňiz...

– Meniň aýdym-saz älemine gelşim çagalygymdan, ýagny üç ýaşymdan başlandy. Aslynda, aýdym-saz enäniň hüwdüsi bilen çaganyň beýnisine ornarmyş diýilýär. Bu dogry, ýöne adama gudratly tebigat tarapyndan berilýän zehin bolanda, ol ene hüwdüsi bilen sazlaşyp, dowam ediberýär eken. Mekdepde okan döwrümde ýurdumyzda belli aýdymçylar, kompozitorlar bolup ýetişen Mämi Çaryýew, Saparmyrat Babaýew, Bally Rejebow, Çary Abdyllaýew dagydan sapak aldym.

Söhbetdeşligimiziň başynda aýdyma üç ýaşymda başladym diýipdim. Şol barada aýdaýyn. Öýümiziň gapdalynda çagalar bagy bardy. Ejem öý hojalykçy bolansoň, meni çagalar bagyna bermelidirem öýtmezdi. Meniň özüm irden turup, ertirlik edinenimden soň, geýnip, çagalar bagynyň daşynda durardym. Onuň howlusyna çykan çagalar aýdym aýdardylar. Men olary diňläp, derrew ýat tutardym. Gün-günden «repertuarym» baýlaşyp gidip otyrdy. Gijara töweregimiziň çagalary bolup, ene-atalarymyza aýdym aýdyp bererdik.

– Käwagt ýaşuly adamlar bilen aýdymçylar barada söhbet edilse, derrew hormat bilen siziň adyňyzy tutýarlar.

– Men alty ýaşymy dolduranymda, çagalar köşgünden ýörite wekil gelip: «Annagül aýdymy gowy aýdýar. Biziň şäher zähmetkeşleriniň öňünde konsertimiz bar. Şoňa alyp gidäýeli-dä» diýip, enem-atamdan rugsat alyp, konserte alyp giderdiler. Bu ýagdaý häli-şindi gaýtalanardy. Radiogepleşikleriň režissýorlary meniň sesimi gowy görüp, radiogazeti alyp barmaga çagyrdylar. Gepleşigiň arasynda meniň ýerine ýetirýän «Mekdebim», «Bahar geldi», «Gülnara», «Kömelek hem gülälek», «Jigim jan» ýaly aýdymlarymy diňleýjilere eşitdirerdiler. Şol döwürlerde ýaşlar üçin niýetlenen «Bahar radiostansiýasy» atly gepleşik bardy. Şol gepleşigi men otuz ýyldan gowrak wagt alyp bardym.

— Annagül ejeke, tomusky dynç alyş möwsüminde Berkarar döwletimiziň bagtly çagalary sagaldyş dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, şatlykly pursatlarda siziň meşhur aýdymyňyzdaky «Ak mekdebim jana-jan, saňa bolan söýgim kän» diýen aýdymyňyzy uly ruhybelentlik bilen ýerine ýetirýärler.

— Gahryman Arkadagymyz dünýädäki ähli gowy zatlary çagajyklarymyza, ýaş neslimize bagyş edýär. Akja mekdeplerimiz köşklere gaýra dur diýýär! Men ýaşuly nesliň wekili hökmünde «Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň ýurdy» diýen jümläniň nä derejede hakykatdygyna her ädimde diýen ýaly şaýat bolýaryn. Bu hakykata golaýda ýene bir ýola gözli şaýat bolmak bagty miýesser etdi. Gözel «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç aldym. Şonda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň «Daýanç» sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminiň ýapylmagy bilen bagly dabara meni-de hormatly myhman hökmünde çagyrdylar. Dabarada çykyş etdim, çagalaryň haýyşy boýunça «Mekdebim» diýen aýdymymy aýdyp berdim. «Eý, mekdebim jana-jan, saňa bolan söýgim kän» diýip aýdyma başlan dessime çagajyklaram hor bolup alyp göterdiler. Ine, boldy bir hezillik, şatlyk-şagalaň! Bu bir hakyky buýsançly owaz bolup ýaňlanaýdy.

— Sagaldyş merkezini agzanyňyzda, öz çagalyk ýyllarymyz ýadyma düşdi.

— Hawa, menem şeýle boldum. Emma biziň çagalygymyz bilen bu günki balalaryň çagalygynyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar, dogry gerek?!

— Gaty makul gep!

— Biziň döwrümizde çagalar sagaldyş dynç alyş merkezlerinde dynç almak çagalar üçin elýetmez bagtdy. Bu gün bolsa, biziň öz gaýra dur diýýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerimiz bar. Men bular barada-da çagalara gürrüň berdim. Şol dabarada şeýle bir agzybirlik, birek-birege mähremlik duýgusy gaýnap-joşdy welin, ýöne durman, yzly-yzyna aýdym aýdyberesim geliberdi. Şeýdip, joşuşyma bir aýdymda durmadym, kän aýdym aýtdym. Özem çagalyk barada aýdymlary aýtdym. Körpelerem deň gopdular.

— Siz çagalar üçin hem birgiden aýdymlary ýerine ýetirdiňiz. Olar bu günem radiodyr teleýaýlymlarda eşitdirilip dur.

— Hawa, ol aýdymlary häzirki çagalarymyzyň hem hezil edinip diňleýändikleri meni diýseň begendirýär.

– Siziň mylaýym sesiňiz bilen ýerine ýetirýän «Obam», «Bolasym gelýär», «Türkmen sährasy» ýaly ençeme aýdymlaryňyzyň sözleri diňleýjiniň kalbyny lerzana getirýär. Siz aýdýan aýdymlaryňyzyň sözleriniň, sazynyň täsirli bolmagy üçin özüňiz şahyr bilen kompozitory saýlaýarsyňyzmy ýa-da olaryň size hödürlän aýdymlaryny aýdýarsyňyzmy?

– Şahyr bilen kompozitor bir hörpden gopmasa, ol aýdymyň täsiri az bolýar, ömri gysga bolýar. Aýdym bolsa adamlaryň kalbyna siňmeli, aýdym baky ýaşamaly. Şonuň üçin ilki bilen aýdymyň sözlerini okaýaryn, soňra sazy diňleýärin. Eger göwnüme ýarasa, onda awtorlar bilen bile işläp, şol aýdymy döredýärin. Men her bir aýdymyň içine girýärin, şonuň bilen ýaşaýaryn. «Obam» diýen aýdym ýönekeý bir zat ýaly. Ýöne şony aýdanyňda göz öňüňden eziz obaň, onuň jümjüme gülli sährasy, bökjekleşip ýören oglan-gyzlary, gum depeleri, asyl bütin çagalygyň kino lentasy ýaly bolup geçýär. Käbir diňleýji: «A gyz, ol aýdymy diňläp, gaty täsirlendim, gözüme ýaş aýlanyp gitdi» diýýär. Diňleýjiniň göwnünden turmak aýdymçy üçin elýetmez baha. 

– Adamlarda haýsy häsiýeti halaýarsyňyz?

– Dogruçyl, kyn günüňde hoş söz berip, bir bolşuny saklap bilýän adamlara synym oturýar.

– Annagül halypa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde ýokary derejeli aýdymçy bolup zähmet çekýärsiňiz. Bu ýerde ýaş aýdymçy sazandalaryň ençemesi öz ýollaryny dowam edýärler. Olaryň siziň ýaly tejribeli halypalardan köp zatlary öwrenesleri gelýändir. Söhbedimizi şular barada dowam edäýeliň!

– Gahryman Arkadagymyz halypa-şägirtlik ýolunyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Sebäbi halkymyzda «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýlen parasatly aýtgy bar. Şondan ugur almak bilen biz — halypalar ýaşlaryň öz saýlan hünärlerini bizdenem has baýlaşdyryp işlemekleri, olaryň ajaýyp eserler döretmekleri üçin tejribämizi gaýgyramzok. Biz olaryň gül Watanymyzy, bagtly döwrümizi wasp edýän aýdymlary aýdyp, merdana halkymyzyň ruhuny götermeklerini arzuwlaýarys.

– Täze döreden aýdymlaryňyz barada-da aýdaýsaňyz…

– Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň, Kakamyrat Rejebowyň, Orazguly Annaýewiň, Bäşim Ataýewiň, Gülşirin Orazgeldiýewanyň sözlerine kompozitorlar Begenç Saparlyýew, Şamämmet Bäşimow, Şükür Amanow dagy bilen ençeme aýdymlary döretdik. Ol aýdymlar diňleýjileriň göwnünden turar diýip tama edýärin.

— Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy golaýlap gelýär. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri hem Baş baýramymyza mynasyp toý sowgatlary bilen barmagyň aladasynda.

— Elbetde, Garaşsyzlyk toýy — Baş baýramymyz, toý-baýramlarymyzyň seresi. Menem Gülşat jan (Türkmenistanyň halk artisti Gülşat Gurdowa) ikimiz bu toýa täze aýdymymyzy taýýarladyk. Onda abraý-mertebesi dünýä dolan Türkmenistan Watanymyz, Gahryman Arkadagymyzyň tutumly işleri belentden belent wasp edilýär.

Pursatdan peýdalanyp, bize şeýle eşretli durmuşy serpaý eden hormatly Prezidentimize çuň ýürekden alkyş aýdýaryn. Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, il-ýurt, bütin adamzat ähmiýetli işleri mundan beýlägem rowaçlyklara beslensin!

— Annagül ejeke, gyzykly söhbetdeşlik üçin köp sag boluň! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleri şirin owazyňyz bilen wasp etmek uzak-uzak ýyllar nesip etsin, döredijilik äleminde mundan beýläk hem uly üstünlikler arzuw edýäris!

Ýazgül ANNAÝEWA,

USSAT NEWS.

Hemra HUDAÝGULYÝEW,

žurnalist.

Ussat news

Başga makalalar
16621837325e1e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr.


166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.


165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.

165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.


165dc6a2670a92.jpeg
Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

Ählumumy sanlylaşdyrma we internet asyry täze habar beriş serişdeleriniň döremegi üçin mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylaryň täze neslini kemala getirdi. Olar üçin maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup metbugat sahypasy däl-de, kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň multimedia ekrany hyzmat edýär.