Makalalar

TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar

https://www.ussatnews.com/storage/posts/13991/original-16b05952feabaa.jpeg

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň «Arkadagyň ak ýoly bilen» diýlip atlandyrylan Serhetabat — Hyrat owgan böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, gaz geçiriji eýýäm Hyrada baryp ýetdi.

Ýylyň ahyryna çenli gurluşyk-gurnama işleri boýunça hünärmenler galan turbalary ýerleşdirmek we gömmek, geçelgeleri abadanlaşdyrmak, gaz ölçeýji bekedi gurmak, şeýle hem owgan tarapy bilen hukuk we täjirçilik resminamalarynyň toplumyny jemlemek işlerini tamamlarlar. Bu ugur boýunça tebigy gazy 2027-nji ýylda iberip başlamak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Serhetabat şäherinden Owganystanyň Hyrat welaýatyna çenli uzalyp gidýän 153 kilometrlik bölegiň gurluşygyna 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda badalga berildi. Owgan hyzmatdaşlar bilen iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bilelikde alnyp barlan işleriň netijesinde taslama jemleýji gurnama tapgyryna geçdi.

850-ä golaý türkmen hünärmeni we 280-den gowrak ýörite tehnikalar gaz geçirijiniň ugrunda 150,7 kilometr zolagy taýýarladylar, 139 kilometr turbalar bolsa eýýäm kebşirlenip, bir hatara düzüldi — bu bolsa bütin bölegiň uzynlygynyň, takmynan, 90 göterimine barabardyr. Taýýar bolan böleklerde tapgyrlaýyn gidrostatik synaglar geçirilýär.

TOPH taslamasyna diňe bir ýylda 33 milliard kub metre çenli gaz geçirijilik kuwwaty bolan üstaşyr magistral hökmünde däl, eýsem, sebitiň senagat taýdan ösüşiniň binýady hökmünde hem garalýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň 2026-njy ýylyň 10-njy awgustynda Hyrat welaýatyna iş saparynyň barşynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «Afghan Gas» döwlet kompaniýasynyň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama bu ugurda möhüm ädim boldy.

Taraplar Hyrat üçin ilkinji nobatdaky düzümleýin wezipeleri eýýäm kesgitlediler. Olar senagat zolagyny tebigy gaz bilen doly üpjün etmek arkaly ýerli senagat parkyna çenli gaz geçirijini çekmekden, gaz paýlaýjy beketleri gurmakdan, şeýle hem gysylan tebigy gazy öndürýän toplumy döretmekden ybaratdyr.

Taslama hususy maýadarlar hem gyzyklanma bildirýärler: maýadarlaryň biri Hyradyň golaýynda gaz elektrik bekedini gurmak teklibi bilen çykyş etdi. «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynda gaz geçirijiniň gurulmagy meýilleşdirilýän elektrik geçiriji ulgamlar we demir ýollar bilen utgaşdyrylmagynyň çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berjekdigini hem-de ýeke-täk howpsuz ulag-energetika geçelgesini emele getirjekdigini belleýärler.

Ägirt uly «Galkynyş» gaz käni gaz geçirijiniň çig mal binýady bolup durýar. Onuň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işleriň başlanmagy ýylda goşmaça 10 milliard kub metr harytlyk gazyň öndürilmegini üpjün eder. Şunuň bilen ugurdaşlykda indiki tapgyrlara, şol sanda üçünji tapgyra taýýarlyk işleri alnyp barylýar — bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin «Türkmengaz» döwlet konserni Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasy bilen gizlinlik hakynda ylalaşyga gol çekdi.

Halkara hyzmatdaşlar we maýadarlar üçin goşmaça kepillik hökmünde Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek tassyklanan we ýakynda kabul edilen «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýada berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi hyzmat edýär.

TOPH taslamasynyň ilerledilmegi Türkmenistanyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak — günorta, gündogar we günbatar ugurlary ösdürmek boýunça umumy strategiýasynyň üstüni ýetirýär, bu bolsa sebiti dünýäniň energiýa bazarynyň durnuksyzlygyndan goraýar. Mysal üçin, gündogar ugurda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi 17 ýyla golaý işiniň dowamynda (2009-njy ýylyň dekabryndan 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabryna çenli) 477 milliard kub metrden gowrak tebigy gazyň iberilmegini üpjün etdi. Günbatar ugur bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan 8-nji oktýabrda Awazada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda kesgitlenildi: Türkmenistan tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň köpugurly üstaşyr geçirilmegi üçin özüniň Hazar infrastrukturasyny, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny işjeň ulanmaga taýýardyr. Hazar deňziniň kenar ýakasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk «Petronas» we Birleşen Arap Emirlikleriniň «ADNOC XRG» kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 1-nji blok boýunça önümi paýlaşmak hakynda täze ylalaşyk bilen berkidildi.

Serhetabat — Hyrat böleginiň ulanylmaga berilmegi tutuş TOPH taslamasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolup, türkmen tebigy gazyna dünýäniň iň çalt ösýän energetika bazarlarynyň birine çykmaga mümkinçilik döreder.

Ussa Ussaýew,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga makalalar
16ae8d4dae2053.jpeg
«Aýna gyzy» ýazan mugallym

«Durabilmez seni gören adamzat, Akyl-huşum haýran eden, Aýna gyz...» Bu setirleriň dowamyny ýazyp, gazetiň ýene-de birnäçe setirini eýeläp oturmagyň hajaty barmy? Sebäbi okyjylaryň tas ählisi diýen ýaly bu setirleriň «Aýna gyz» atly meşhur aýdymdandygyny, asyl-ha onuň dowamyny hem bilýändir. Çünki «Aýna gyz» dörän ilkinji günlerinden tä häzire çenli biziň toýlarymyzyň iň meşhur aýdymlarynyň biri.


16acd1beb287a4.jpeg
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär

21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.


16ab744755266a.jpeg
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi

23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.

16a7caed96ef8f.jpeg
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.


16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.