Habarlar

Türkmenistan we Ermenistan hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlediler

https://www.ussatnews.com/storage/posts/13990/original-16b07e54bc4b83.jpeg

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 11-nji mejlisinde Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň wekiliýetleri söwda-ykdysady, energetika we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitlediler. Duşuşyk 25-nji noýabrda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynda iki ýurduň degişli pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Türkmen wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow, ermeni wekiliýetine bolsa Ermenistan Respublikasynyň çäk dolandyryşy we düzümler ministri Dawid Hudatýan ýolbaşçylyk etdiler.

Gepleşikleriň dowamynda ýokary derejede geçirilen ýakyndaky duşuşyklaryň — Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biologik dürlülik hakyndaky Konwensiýasynyň Taraplarynyň maslahatynyň liderler sammitine gatnaşmak üçin oktýabr aýynda Ermenistana amala aşyran iş saparynyň, şeýle hem Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň sammitine gatnaşmak üçin gelen saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn itergi berendigi bellenildi.

Mejlisiň çäklerinde taraplar Transhazar ulag geçelgesini ösdürmäge hem-de dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň logistika zynjyrlaryna emeli aňy ornaşdyrmaga aýratyn üns bermek bilen, sebitara arabaglanyşygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem uglewodorodlary we elektrik energiýasyny ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ünsi jemlemek bilen, ýangyç-energetika toplumynda özara gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanma beýan edildi.

Mundan başga-da, innowasiýalary we tehnologik işläp taýýarlamalary alyşmak maksady bilen, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy merkezleriniň arasyndaky göni gatnaşyklara ýardam bermek barada ylalaşyk gazanyldy. Taraplar özara Medeniýet günlerini geçirmek tejribesini dowam etdirmäge, sport federasiýalarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we gorap saklamak babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Hökümetara toparyň 11-nji mejlisiniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň anyk wezipeleri berkidýän Teswirnama gol çekildi.

Başga habarlar
16b05679befff1.jpeg
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ýangyç-energetika we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy

23-nji noýabrda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň bilelikde başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.


16affe81268764.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki ÇYKYŞY.


16afee64177f1e.webp
Halk Maslahatynyň Prezidiumy Türkmenistanyň ykdysady ösüş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdy

18-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.

16afe95e52b934.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy.


16afc1cc99e9e7.jpeg
Yslamabatda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi

16-njy noýabrda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.