Türkmenistan – Hytaý: strategik hyzmatdaşlar we hoşniýetli dostlar

“Türkmengaz” Döwlet konserni “mawy ýangyjy” batly depginler bilen çykarmagy dowam edýär. Şu ýylyň bäş aýynda ýerastyndan tebigy we ugurdaş gazyň 32,6 milliard kubmetrden gowragy çykaryldy, bu geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 6 milliard kubmetre golaý köpdür. Ösüş depgini 122,2 göterime deň boldy. Eksport 31,6 göterimden gowrak artyp, 18,6 milliard kubmetrden hem ýokary boldy. Ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň agramly bölegi Hytaý Halk Respublikasyna ugradyldy.
11 iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň iri ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýan HHR bilen gatnaşyklara ýokary baha bermek bilen, döwletimiziň iki taraplaýyn gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi. Şol gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolup, däp bolşy ýaly, deňhukuklylyk, birek-biregi hormatlamak we özara bähbitleri goramak ýörelgelerine esaslanýar.
Iki dostlukly ýurduň gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy uzakmöhletleýin, özara bähbitli esasda has-da berkitmäge bolan taýýarlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň arasynda şu ýylyň maýynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda hem tassyklanyldy.
XXI asyryň ägirt uly taslamasynyň durmuşa geçirilmegi – yklymda iň uzyn Merkezi Aziýa – Hytaý gazgeçirijisiniň gurulmagy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň üstünlikli dowam edýänliginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Türkmenistanyň ýataklaryndan gözbaş alýan hem-de Özbegistanyň we Gazagystanyň çäklerinden üstaşyr geçýän energetika ulgamy ýurdumyzyň gaz pudagynyň kuwwatyny amala aşyrmakda, türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna eksportyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, şeýle hem hytaý ykdysadyýetiniň ekologiýa taýdan arassa energiýa artýan islegini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Merkezi Aziýa – Hytaý gazgeçirijisiniň ulanmaga berlen wagtyndan bäri ýurdumyz HHR-ne tebigy gazyň 300 milliard kubmetrden gowragyny iberdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň energetika strategiýasyny amala aşyrmakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýa serişdeleriniň halkara derejesinde ygtybarly ugradylmagyny üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berýändigini bellemek gerek. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” hakynda Rezolýusiýa türkmen Lideriniň öňe süren başlangyçlarynyň derwaýyslygyna şaýatlyk edýär. Dünýäniň 70-den gowrak döwletleri, şol sanda Hytaý şol Rezolýusiýalaryň awtordaşlary bolup çykyş etdiler.
“Türkmengaz” Döwlet konserni “mawy ýangyjy” halkara gazgeçiriji ulgama esasy akdyryjy bolup durýar. “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň ýataklary çig malyň iri çeşmeleriniň ikinjisi bolup, olary 2007-nji ýylda baglaşylan Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyga laýyklykda Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) işläp taýýarlaýar.
Geçen döwrüň içinde Amyderýanyň sag kenarynda uglewodorod çig malynyň ýataklaryny gözlemek, olaryň gorlaryny kesgitlemek we senagat taýdan özleşdirmek bilen bagly bolan geologiýagözleg we buraw işleriniň uly möçberi ýerine ýetirildi. Farap we Hojambaz etrabynda umumy kuwwaty bir ýylda harytlyk gazyň 14 milliard kubmetrine deň bolan gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň ikisi, önümçilik, logistika we durmuş maksatly desgalar guruldy. Häzir bu ýerde ulanyş guýularynyň 130-den gowragy bolup, çykarylan gazyň umumy möçberi 120 milliard kubmetre barabardyr.
Häzirki wagtda Türkmenistan-Hytaý döwletara gazgeçirijisiniň çig mal binýadyny berkitmek boýunça işler dowam edýär. Ýakynda Hojagurlyk ýatagynda ýene-de bir guýy – Hojg-103D guýusy buýruja tabşyryldy. Şeýlelikde, “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň gündogarynda ýerleşen ýataklaryň 10-nyň tapgyrma-tapgyr ulanmaga berilmegini göz öňünde tutýan taslamanyň birinji tapgyryny amala aşyrmak işi tamamlandy.
«China Petroleum Engineering & Construction Corporation» kompaniýasynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan bu taslama 2018-nji ýylda badalga berildi. Onuň birinji tapgyry ýataklaryň üçüsinde - Hojagurlyk, Gündogar Hojagurlyk we Joramergen ýataklarynda guýularyň 11-niň we gaz toplaýjy ulgamyň gurulmagyny öz içine aldy. Häzir ikinji tapgyryň çäklerinde ýataklaryň ýene-de üçüsinde – Günbatar Joramergen, Gökmiýar we Daşrabat ýataklarynda guýularyň we ýerüsti desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.
Bu nebitgazly ýeriň ýataklarynyň örän çylşyrymly geologiýa şertleri bilen tapawutlanýandygyny bellemek gerek. Öňdebaryjy tehnologiýalar we ylmy-tehniki innowasiýalar olary üstünlikli özleşdirmegiň möhüm şertine öwrüldi.
Dünýäde iri “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň energetika strategiýasyny amala aşyrmagyň, eksport gazgeçirijileriniň çig mal binýadyny berkitmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Hususan-da, hytaýly hyzmatdaşlar guýularyň, gazy gaýtadan işleýän zawodyň we beýleki önümçilik desgalarynyň gurluşygyna gatnaşdylar.
Şol işleriň depginini artdyrmak üçin Türkmenistanyň Hökümetiniň we HHR-niň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Çarçuwaly Ylalaşyga laýyklykda Hytaýyň Döwlet ösüş banky (HDÖB) tarapyndan berlen ABŞ-nyň 8,1 milliard dollary möçberindäki karz serişdeleri çekildi. “Türkmengaz” Döwlet konserniniň hem-de HDÖB-niň we PetroChina kompaniýasynyň arasynda 7 we 10 ýyl möhletler bilen aýry-aýry karz ylalaşyklary baglaşyldy. Häzirki wagtda şol karz serişdeleri doly gaýtaryldy.
Türkmenistan dünýäniň energetika döwleti bolmak bilen özüniň ägirt uly energetika kuwwatyny netijeli amala aşyrmak meselelerini çözmäge netijeli çemeleşýändigini görkezýär. Dürli ugurlarda baý tejribesi we öňdebaryjy tehnologiýalary bolan dünýäniň onlarça döwletleri, iri daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak bilen ýurdumyz özüni jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanatdy. Häzir nebitgaz toplumynda çözülýän wezipeleriň giň gerimliligi yly ykdysady peýdanyň şertlerinde degişli ulgamda giň halkara hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleri açýar.


Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda işiniň jemleri jemlenildi
4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.

Aşgabatda Türkmenistanyň ýaş ekologiýaçylarynyň bäsleşiginiň jemleri jemlendi
Aşgabadyň “Şamelek” toý mekanynda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäräni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy we “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengeologiýa” DK-a uglewodorod serişdeleriniň gözlegini netijeli dowam etmegi tabşyrdy
23-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.

Hökümet mejlisinde gaz pudagynda sanlylaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy
17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.

Sagdyn jemgyýet — sagdyn durmuş
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň guramaçylygynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly maslahata toplumyň düzümlerinde zähmet çekýän işgärleridir hünärmenleri gatnaşdy.