Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1473/original-160e042f6673cf.jpeg

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna we “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14668-nji Kararyna laýyklykda, degişli ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugy, olaryň peýdalanýan ýer böleklerini peýdalanmaga bermek üçin, agzalan şahslaryň ylalaşygy esasynda bes edildi hem-de degişli ýer böleklerini ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, ýurdumyzyň häkimliklerine hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara peýdalanmaga bermek bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň döwlet edaralaryna we kärhanalaryna ýer böleklerini peýdalanmaga bermek hakyndaky Buýrugyna laýyklykda bölünip berlen ýerler häzirki zaman önümçilik desgalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, gurluşyk üçin çig mal serişdelerini gazyp almak hem-de oba hojalyk ekinlerini we miweli baglary ösdürip ýetişdirmek üçin peýdalanylar.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde degişli ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny bes etmek hem-de ýer böleklerini peýdalanmaga bermek boýunça namalary bellenilen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.