Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olara garşy göreşmek, milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda raýatlaryň sagdynlygyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek we adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa hem-de şu strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
Bu resminama Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň beýleki ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde taýýarlanyldy.
Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany amala aşyrmak boýunça pudagara utgaşdyryjy topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Milli strategiýanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
Milli strategiýanyň esasy maksady we wezipeleri ýokanç däl keselleriň öňüni almakdan we olaryň garşysyna göreşmekden, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekden, raýatlaryň saglyk baradaky habarlylygyny ýokarlandyrmakdan, näsaglary ýokary hilli derman hem-de beýleki lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Oňa laýyklykda, raýatlara ýokanç däl keselleriň öňüni almak üçin deň mümkinçilikler we şertler dörediler, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň sany artar. Bu bolsa zyýanly endikler sebäpli döreýän ýokanç däl keselleriň azalmagyna getirer, şeýle hem amaly lukmançylyga netijeli öňüni alyş, anyklaýyş, bejeriş we dikeldiş çäreleriniň ornaşdyrylmagy netijesinde adam ömrüniň dowamlylygy ýokarlanar.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.