Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna boljak iş saparynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda Balkan welaýatyna boljak iş sapary, onuň dowamynda bu ýerde guraljak iri möçberli halkara çärelere taýýarlyk, ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň işini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek hepdäniň başynda Balkan welaýatyna boljak iş saparynda sebitiň ulag-logistika ulgamyna degişli düzüminde alnyp barylýan işler bilen tanyşjakdygyny, bu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine görülýän taýýarlyk işleriniň ähmiýetlidigini belledi. Şeýle hem Balkan welaýatynda başga-da halkara derejedäki birnäçe duşuşyklar meýilleşdirildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň önümçilik düzümlerinde meýilleşdirilen işleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ähli ulgamlara sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde ilatyň arasynda, aýratyn-da, sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, şypahanalarda degişli düzümleriň işlerini kämilleşdirmek meseleleri gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şanly sene mynasybetli binalaryň we desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegi, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi möhüm talapdyr.
Milli Liderimiz Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda adamyň ömrüni we saglygyny goramak, ilatyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek meseleleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nazara alyp, ýurdumyzda bu ugurda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigini belledi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.