Habarlar

Iýul aýynda medeni çäreler we medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyşy meýleşdirilýär

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1481/original-160e214d183bf0.jpeg

Şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek medeni çäreler we medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyşy halkymyzyň ägirt uly döredijilik kuwwatyny açyp görkezer, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga, täze zehinleri ýüze çykarmaga ýardam eder.

Çäreleriň maksatnamasy duşuşyklary, bäsleşikleri, sergileri we aýdym-sazly dabaralary, onlaýn maslahatlaryny hem-de wagyz ediş çäreleri öz içine alýar.

Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar üçin dürli sport ýaryşlaryny hem-de bäsleşikleri, milli oýunlary we ösüp gelýän nesli sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek boýunça çäreleri guramak meýilleşdirilýär.

Iýul aýynyň üçünji ongünlüginde Gurban baýramy mynasybetli paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda medeni çäreler geçiriler.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.