«Türkmeniň ak öýleri» däp bolan halk medeniýetini gorap saklamaga we ösdürmäne goşant goşarlar
Şu ýyl ýurdumyzyň her welaýatynda köpugurly ajaýyp binalar bolan «Türkmeniň ak öýleriniň» gurluşygy tamamlanar. Bu desgalar däp bolan halk medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek, jemgyýetçilik isleglerini kanagatlandyrmak üçin niýetlenendir diýip, milli Liderimiz nygtaýar. Çeper höwesjeňler döredijiligini, beýleki höwesjeň döredijilik başlangyçlaryny we ilatyň durmuş işjeňligini goldamakda, raýatlaryň boş wagtyny we dynç almagyny guramakda ak öýleriň ähmiýeti uludyr.
«Türkmeniň ak öýünde» ilkinji günlerden drama, sazly opera, balet, sirk, estrada we gurjak toparlaryny döretmek boýunça işleri geçirmek zerurdyr, şeýle hem teatrlaryň, aýdym-saz toparlarynyň, şekillendiriş we amaly sungat studiýalarynyň, beýleki halk hem-de tehniki döredijilik toparlarynyň işini ýola goýmak wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz «Türkmeniň ak öýleriniň» welaýatlaryň medeniýet merkezlerine öwrülmelidigini nygtap, wise-premýere ýurdumyzda iň gowy «Türkmeniň ak öýüni» kesgitlemek boýunça bäsleşigi geçirmek meselesini öwrenmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.