“Rahat” atly täze ýolagçy gämisini milli ýörelgeler esasynda dabaraly garşylamak çäresi geçirildi
7-nji iýunda “Rahat” atly täze ýolagçy gämisini asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeler esasynda dabaraly garşylamak çäresi geçirildi. Kenarda dabara gatnaşyjylar gämini aýdym-sazlar hem-de şowhunly elçarpyşmalar bilen garşyladylar. Milli däp-dessura laýyklykda, gämä alaja dakylyp, ak un sepildi we oňa Hazar deňziniň giňişliklerinde abadan ýüzüş dileg edildi.
Türkmen halkynyň dünýä nusgalyk ýagşy dessurlarynyň berjaý edilmegi täze gäminiň deňziň kenarynda dynç alýanlara ýokary derejeli hyzmatlary ýola goýjakdygyna bolan pugta ynamyň aýdyň beýanyna öwrüldi we paýhasly pederlerimiziň döreden asylly däpleriniň döwrebap derejede ösdürilýändigini äşgär etdi.
Döredijilik toparlaryny, hormatly ýaşululary we kümüş saçly eneleri goýnuna alan “Rahat” gämisi Hazaryň giňişligine ýüzüşe çykdy. Welaýatyň sungat ussatlary, folklor toparlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen täze gelip gowşan ak gämide joşgunly çykyşlaryny dowam etdiler.
Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda milli Liderimiziň aladasy bilen amal bolan dynç alyş mümkinçilikleriniň hözirini görýän ildeşlerimiz türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşy ugrundaky atalyk aladasy üçin Arkadag Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.