Makalalar

Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy -2020” atly XXV Halkara maslahaty ýokary derejede geçirildi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/156/original-15f9cfb1adcfb0.jpeg

28 – 29-njy oktýabrda, Ata Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňýanynda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy -2020” atly XXV Halkara maslahaty ýokary derejede geçip, ol “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Bu iri ýöriteleşdirilen forumyň işine degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, dünýäniň 30 döwletiniň, şol sanda Russiýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Singapuryň, Malaýziýanyň, Azerbaýjannyň we beýleki döwletleriň, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň hem-de maliýe düzümleriniň, diplomatik we ylmy toparlaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen forum şu ýyl ilkinji gezek diňe däp bolan görnüşde däl-de, eýsem, onlaýn görnüşde geçirilip, Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurtlaryna alnyp görkezildi. Foruma onlaýn-gatnaşyjylaryň giň geografiýasy dürli döwletleriň işewür toparlarynyň uglewodorod gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow “OGT-2020” forumyny açyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady. Onda döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolup durýandygyny belledi hem-de maslahata gatnaşyjylara üstünlikleri we netijeli işlemegi arzuw etdi.

Türkmenistanyň geçirýän bitaraplyk syýasatynyň we energetika diplomaiýasynyň ykdysady ugurlaryny häsiýetlendirmek bilen, wise-premýer Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) gurluşygy ýaly giň gerimli taslamany mysal getirdi, ol sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berer. Bu taslama dünýäniň iri döwletleri we abraýly halkara maliýe guramalary tarapyndan goldanylýar.

Ýurdumyzyň dünýäniň iri energetiki döwletleriniň biri hökmündäki derejesi tebigy gazyň gorlaryna, şol sanda dünýäde ikinji hasaplanýan “Galkynyş” gaz käniniň gorlaryna berlen baha bilen tassyklanyldy. Myratgeldi Meredow bu gaz ýatagyny senagat taýdan özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň netijeleri barada gürrüň berdi, häzir bu ýerde önümçilik kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaza barabar bolan zawodlaryň üçüsi işe girizildi.

Şeýle hem wise-premýeriň çykyşynda Hytaýyň häzir türkmen tebigy gazyny uly möçberde satyn alýan döwlet bolup durýandygy bellenildi. Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň üç ugry (A, В we С) boýunça ýylda 40 milliard kub metre golaý gaz iberilýär. Geljekde türkmen tebigy gazynyň HHR-e iberilýän mukdary ýylda 65 milliard kub metre ýetiriler.

Mundan başga-da, Türkmenistan Orta Aziýa-Merkez turba geçirijisi boýunça Russiýa gaz iberýär hem-de ekologiýa taýdan arassa ýangyjy günorta ugry boýunça eksport etmek üçin tehniki mümkinçiliklere we serişde binýadyna eýe bolup durýar.

Energiýa serişdeleriniň eksporty bilen bir hatarda Türkmenistan tebigy gazyň düýpli gaýtadan işlenilmegine uly üns berýär, bu bolsa, geljekde milli ykdysadyýetimizde esasy ugurlaryň birine öwrülip biler. Soňky ýyllarda ýurdumyzda gazhimiýa toplumlarynyň birnäçesi gurlup ulanmaga berildi, ýokary goşulan bahaly önümleri öndürýän şeýle kärhanalaryň täzelerini gurmak meýilleşdirildi.

Öňdebaryjy halkara kompaniýalaryny Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýataklaryny özleşdirmek, şeýle hem beýleki maýagoýum we hyzmatlar babatda taslamalara gatnaşmak ýaly ugurlarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga çagyrmak bilen, wise-premýer anyk ugurlary, şol sanda bilelikdäki kompaniýalary döretmek ýaly işleri beýan etdi.

Döwlet ministri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow öz çykyşynda Türkmenistanyň ulewodorod serişdeleriniň 71 milliard tonna barabar bolup, olaryň 20 milliard tonnadan gowragynyň nebit hem-de 50 trillion kubmetrden gowragynyň tebigy gaz bolup durýandygyny habar berdi.

“Türkmengazyň” ýakynda meýilleşdirýän işleriniň hatarynda “Galkynyş” gaz känini işläp taýýarlamak, TOPH gazgeçirijisini, şeýle hem gaýtadan işleýän täze kuwwatlyklary, şol sanda gazhimiýa pudagynda önümçilikleri gurmak işleri bar.

“TAPI Pipeline Company Limited” konsorsiumynyň Direktorlar Geňeşiniň başlygy Muhammetmyrat Amanow öz nobatynda TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygynyň barşy hakynda jikme-jik habar berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze energetika ulgamynyň 207 kilometrlik türkmen böleginde işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Onuň kuwwatlylygy ýylda 33 milliard kubmetr gazy geçirmäge barabar bolup, umumy uzynlygy 1844 kilometre deňdir.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak we beýleki foruma gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary berkitmäge, bilelikdäki ykdysady, maýagoýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen daşary syýasatynyň Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny, daşary ýurtly işewür toparlary üçin özüne çekijiligini ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini bellediler.

“Energetika bazarlarynda dünýä meýilleri hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri” atly mejlisiň barşynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Baýgeldiýew Türkmenistanyň nebit pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini beýan etdi.

Bu mejlisiň çäklerinde Gazy eksport edýän ýurtlar forumynyň Baş sekretary Ýuriý Sentýurin COVID-19-dan soň energetika dünýäsinde tebigy gazyň eýelejek orny hakynda gürrüň berdi. Şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň ylmy-barlag institutynyň wekilleriniň çykyşlarynda “Galkynyş” gaz känini işläp taýýarlamagyň tapgyrlary, «CNPC» we beýleki birnäçe kompaniýalaryň wekilleriniň çykyşlarynda bolsa, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda toplanan tejribe barada gürrüň berdiler.

Bilermenleriň belleýşi ýaly, gaz pudagy dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaý zerarly energiýa serişdelerine bolan islegiň pese gaçanlygy üçin nebit pudagyna garanyňda uly zyýan çekmedi. Geljek barada aýdylanda, pandemiýa iru-giç geçer, ykdysadyýeti ýene-de şol ýangyç-energetika toplumynyň kömegi bilen dikeltmeli bolar.

Iki günlük maslahatyň işiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Energetika hartiýasynyň şertnamasyny kämilleşdirmek, Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýataklaryny özleşdirmek üçin maýa çekmek, gaz we nebithimiýa pudaklarynyň täze maýagoýum mümkinçilikleri ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Diýarymyzda işleýän daşary ýurt kompaniýalary alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar.

Şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümindäki edaralaryň ýolbaşçylarynyň hem-de olaryň geljekki hyzmatdaşlarynyň onlaýn-duşuşyklary geçirildi, olarda bu pudakda özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy -2020” atly XXV Halkara maslahatyna gatnaşyjylar garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenme kabul edip, onda dünýä bileleşigini Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň kuwwaty bilen tanyşdyrmagy maksat edinen halkara maslahatyny ýokary derejede geçirmäge döredilen şertler üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Ussa USSAÝEW,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Ussat news

Başga makalalar
16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.

16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.