Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynyň hassahanalary üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny sowgat berdi
Hormatly Prezidentimiz, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznadan welaýatyň etraplarynyň we şäherleriniň çagalar hassahanalary üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny bermek hakynda karara gelendigini aýdy.
Döwlet Baştutanymyz lukmanlar bilen söhbetdeşlikde ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goraýyş ulgamyny degişli halkara talaplara laýyklykda hünärmenler, derman we saglygy goraýyş serişdeleri bilen yzygiderli üpjün etmek, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça zerur işleriň geçirilýändigini belledi.
Paýtagtymyz Aşgabatda hem-de welaýatlarda gysga wagtyň içinde innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleri, ýöriteleşdirilen klinikalar, şypahanalar guruldy. Şunuň esasynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş infrastrukturasyny döretmekde uly üstünlikler gazanyldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň hatarynda welaýatda bina edilýän saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň — 450 orunlyk köpugurly hassahananyň we 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň möhüm orun eýelejekdigini aýtdy. Şeýle hem sebitde ekologiýa meselelerine uly üns berilýändigi bellenildi, munuň özi ilatyň saglygyny gorap saklamakda möhüm ähmiýete eýedir.
Bu ugurda esasy wezipeleriň hatarynda — ähli durmuş tapgyrlarynda çaganyň saglygyny goramak, şeýle hem sanly we innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanan ýokary hilli we elýeterli lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün etmek üçin göwnejaý şertleri döretmek bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.