Habarlar

Maryly tansçy Jeýhun Aga-Tagyýew Aşgabatda boljak «Tomus gijesinde görlen düýş» atly konsertde çykyş eder

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1720/original-1611fca6fb958a.jpeg

21-nji awgustda Maryly tansçy Jeýhun Aga-Tagyýew Aşgabatda “Türkmenistan” kino-konsert zalynda boljak «Tomus gijesinde görlen düýş» atly konsertde çykyş eder.

2017-nji ýylda 16 ýaşly ýetginjek Russiýanyň «NTW» teleýaýlymynyň «Sen – taýsyz! Tanslar» atly halkara çagalar telewizion-aýdym-saz bäsleşigine gatnaşdy. Ýigidiň taslamadaky ykbalyna dostlary, ildeşleri we köp sanly watandaşy gözden salman, syn edýärdi, diýip «Türkmenistan altyn asyr» saýty ýatlaýar.

Birnäçe wagtlap Jeýhun  Maryda we Aşgabatda geçirilen haýyr-sahawat konsertlerinde tans etdi, okuwdan we mekdebiň soňky synaglaryndan soň bolsa goşunda gulluk etmegiň wagty geldi. Iki ýyllyk harby gulluk duýdansyz geçip gitdi. Häzir Jeýhun tans etmegini dowam etdirýär we çagalara häzirki zaman horeografiýasyny öwredýär, şeýle hem grafiki dizaýny öwrenýär.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.