Habarlar

Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda güýzlük bugdaý ekişine başlamaga ak pata berdi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1749/original-1612a43f863fe9.jpeg

Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda geljek ýylyň güýzlük bugdaý ekişini 3-nji sentýabrda başlamaga ak pata berdi. Halkymyzyň asylly däplerine eýerip, bu möwsüme hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda girişiler.

Şu günler bugdaý ekiljek meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda tekizleýiş işlerini geçirmek, tagt we ýuwuş suwuny tutmak hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarydyr gurallaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şu möwsümde ýurdumyz boýunça bugdaý ekiji oba hojalyk gurallarynyň we traktorlaryň 1 müň 545-sini ulanmak göz öňünde tutulýar. Şolaryň bökdençsiz işledilmegi üçin etraplarda ýöriteleşdirilen abatlaýyş toparlary döredilýär.

Döwletimiz ekerançylaryň netijeli zähmeti hem-de olaryň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekleri üçin ähli zerur şertleri döredýär. Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyna gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Daýhanlar ýokary hilli tohum serişdeleri, mineral dökünler, häzirki zaman tehnikalary, himiki serişdeler hem-de suw bilen ýeterlik möçberlerde üpjün edilýär.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.