Türkmenistan dünýä metbugatynyň üns merkezinde
Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerinde we dünýä metbugatynda aýratyn gyzyklanma döredýär. Hytaýly hyzmatdaşlaryň «Galkynyş» gaz käninde täze guýulary gurmaga girişendigi baradaky habar munuň şeýledigini nobatdaky gezek tassyklady. Bu waka mynasybetli geçirilen dabaralara Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz gatnaşdy.
Bu waka baradaky habarlary ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Ýakyn Gündogar we GDA ýurtlarynyň habar beriş serişdeleri — «Associated Press», «Reuters», Nebitgaz habarlary agentligi, Nebitgaz serwisiniň milli assosiasiýasy, «OilCapital», «Neftegaz.RU», «Nebitgaz wertikaly», «AKIPRESS», «Interfaks-Azerbaýjan», «Trend», «CentralAsia.news», «SNGToday», ZAWYA, «Аrabtimes», «Naturalgasworld» we beýleki habarlar agentlikleri, gazetler, belli internet-neşirleri çap etdiler.
«Türkmenistanyň we Hytaýyň hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda uly mümkinçiliklere eýe bolup, olaryň amala aşyrylmagy diňe özara bähbitlere däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň ösüş maksatlaryna hem kybap gelýär» diýip, žurnalistler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerini mysal getirýärler.
«Türkmenistan Hytaýy strategik hyzmatdaşy hasaplaýar, taraplaryň ikisi hem energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň baý tejribesini topladylar. Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň ulanmaga berlen wagtyndan bäri geçen 11 ýylyň dowamynda Türkmenistan HHR-e gazyň 300 milliard kubmetrden gowragyny iberdi» diýip, HHR-iň «China Petroleum News», «China Power News Network», «Beijing Daily» we beýleki habar beriş serişdeleri öz habarlarynda belleýärler.
«Galkynyş» gaz käninde guýularyň üçüsini burawlamak boýunça taslama badalga berilmegi energetika ulgamynda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda täze ädimi alamatlandyrýar. Hytaý Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda ösdürmäge taýýardyr, bu hyzmatdaşlyk iki ýurda we olaryň halklaryna uly peýda getirer diýip, neşirler HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeniň dabarada eden çykyşyna salgylanýarlar.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.