Hormatly Prezidentimiz dabaraly harby ýörişi geçirmegiň meýilnamasyny makullady
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow goranmak ministri B.Gündogdyýew bilen iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesi mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişiň meýilnamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz dabaraly harby ýörişi geçirmegiň hödürlenen meýilnamasyny makullap, ondan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz goranmak ministrine degişli düzümler bilen bilelikde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli guraljak dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti belleýşi ýaly, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk çäreleri, şol sanda harby ýöriş ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda ägirt uly ähmiýetli wakalardyr, şonuň üçin hem olary geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek şu günki günüň möhüm talaby bolup durýar.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.