«Türkmengaz» DK we «Haldor Topsoe» tebigy gazdan ammiak we metanol önümçiligini ýola goýmaga taýýarlanýar
«Türkmengaz» döwlet konserni Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasy bilen Türkmenistanda tebigy gazy gaýtadan işläp, ammiak we metanol önümçiligi boýunça kiçi göwrümli gazhimiýa zawodyny gurmak boýunça gepleşikler geçirýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow geçen anna güni Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, bu taslama boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmalary taýýarlamakda kompaniýanyň tehnologik we täjirçilik maglumatlaryny ulanmak maksady bilen, taraplaryň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasy taýýarlanyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Oňa laýyklykda, senagatyň binýatlaýyn pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmen Lideri Türkmenistanyň ýokary netijeli tehnologiýa esasynda işleýän önümçiligiň döredilmegini esasy ugur edinýändigini belläp, pudaga mundan beýläk-de dünýäniň ösen tejribesiniň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň gaz we himiýa senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere täze taslamany işläp taýýarlamak boýunça çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.
Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasy gazhimiýa senagatynda ulanylýan tehnologiýalaryň ygtyýarnamasyna eýedir. Öň kompaniýanyň tehnologiýalary esasynda Türkmenistanda tebigy gazdan ECO-93 ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod guruldy.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.