Ýuriý Şkuriniň taryhy surat kyssasy

19:44 01.09.2021

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1778/original-1612f91b93ae44.jpeg

Gazet, ilkinji nobatda, onuň indiki sanynyň üstünde işleýän adamlar: baş redaktor, galamgärler, surat habarçylary, ýalňyş düzedijiler, harp ýygyjylar we beýlekilerdir. Adatça, olaryň iş gününiň belli bir wagt tertibi ýokdur, olar, hatda şenbe we ýekşenbe günlerini hem işe bagyşlaýarlar. Köplenç ýurtda bolup geçýän wakalaryň öň hatarynda bolýarlar. Islendik pursatda täze tabşyryga gitmäge taýyndyrlar. «Türkmenistan» gazetiniň aksakgaly, fotohabarçy Ýuriý Iwanowiç Şkurin şunuň ýaly berk düzgün-nyzamda laýyk 44 ýyl işledi.

Biz öz işiniň ussady Ýuriý Şkurin bilen her gün diýen ýaly duşuşýardyk, sebäbi ol, bagtymyza, biziň hem «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetimiziň fotohabarçysydy. Ýuriý Iwanowiçiň mylakatly, hoşgylaw häsiýetlidigi üçin ol hakda ähli zady diýen ýaly bilýärdik.

Ol Aşgabatda doglup, şu ýerde-de önüp-ösüpdir. Zähmet ýoluna «Türkmenfilm» kinostudiýasynda operatoryň kömekçisi wezipesinden başlapdyr. Ýuriý Iwanowiç surat alýan enjamy-da ilkinji gezek şu ýerde eline alypdyr. «Komsomoles Türkmenistana» gazetinde goşmaça gazanç edip başlamadyk bolsady, ol, belkem, «kinoçylygyna» galardy. Şol döwürde ol ýaňy maşgala gurup, ilkinji perzendiniň dünýä inmegine garaşýardy, şonuň üçin-de goşmaça girdeji artykmaçlyk etjek däldi. Ýogsa-da, maşgalasy hakynda: Ýuriý Iwanowiç we aýaly Irina Nikolaýewna ogullarynyň, gyzynyň, üç agtygynyň söýgi hem hormat gurşawynda bagtly durmuşda uzak ýaşadylar. Ýöne bu soňrak boldy. Häzirlikçe bolsa işden boş wagtlarynda ýaşlar gazeti üçin alan suratlary «Komsomoles Turkmenistana» gazetiniň redaksiýasynyň göwnünden turýardy, şonuň üçin-de zehinli ýaş suratçyny tiz wagtdan ol ýere doly hukukly işgär hökmünde çagyrdylar.

– Şol döwürde men arrykdan uzyndym – diýip, Ýuriý Iwanowiç degişýärdi, – kinokamerany onuň paýasy bilen bile götermek kyndy, enaýyja surat enjamy däl-dä. Şeýdip, men «kinoçylykdan» «gazetçä» öwrüldim.

Gazetde işlän döwründe başdan geçirien gyzykly wakalaryny ol bütin ömrüniň dowamynda dostlaryna gürrüň bererdi. Mysal üçin, gulanlary dikuçar bilen Bathyzdan Gäwerse göçürişlerini, ol ýere gelenlerinden soň ol janawarlary daga goýberişlerini hem-de olary surata alşy ýaly ajaýyp wakalaryň jümmüşine çümerdi. Bir gezek suw joşmagy sebäpli, bir süri goýnuň ýitmegi, ýöne dumandyr sowuga garamazdan, dikuçar uçarmanlarynyň olary kiçijek adadan tapyşlary hem täsirlidi. Bu habar gazetde «Süriniň dadyna awiasiýa ýetişdi» diýen haý-haýly sözbaşy bilen çykdy. Goýunlaryň howa arkaly halas edilişini Ýuriý Şkuriniň surat reportažlary aýdyň beýan edýärdi.

Adatça, ol dürli-dürli wakalaryň iň ilkinji şaýady bolýardy. Meselem, soňlugy bilen Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna (häzirki içerki ýangyç we energiýa toplumynyň öňdebaryjysyna) öwrülen Krasnowodskiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň durkunyň täzelenişi baradaky surat reportažlary ýatda galyjydy. 50-nji umumy bilim berýän orta mekdebiň gurluşygynda gümmezli üçek meýilleşdirilipdi. Iki tonnalyk gümmeziň dikuçar arkaly oturdylyşy baradaky surat reportažy-da Ýuriý Iwanowiç taýýarlady. Häzir paýtagtda gümmez bilen hiç kimi geň galdyrmarsyň, emma şol döwürde bu bir şüweleňli habar bolupdy. Tirkegli ilkinji awtoulag Owadandepedäki buraw desgasyna ugrapdy, iş ýerinde lukmançylyk kömegini alan ilkinji hassany surata almak üçin, diş lukmanlary bilen bilelikde Ýuriý Şkurin-de gidipdi. «Biz lukmanlara däl, lukmanlar bize gelýärler» diýip, şol döwrüň täze usullary bilen ilkinji gezek tanşan burawçylar aýdýardylar.

Şunuň ýaly hekaýatlar Ýuriý Iwanowiçde «sanasaň sogaby bar» diýleni. «Ýuriý Şkurin» ýazgyly suratlar Moskwa žurnallarynda-da peýda bolup başlady, ussat eliň düşüren milli öwüşginli ajaýyp suratlaryny ol ýerde-de höwes bilen alýardylar. 1977-nji ýylda «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Begenç Kerimi Ýuriý Iwanowiçi iş otagyna çagyryp, oňa bir teklip etdi, ol-da bu teklibi ret edip bilmedi.

Şeýlelik bilen, 44 ýyl mundan öň Ýuriý Iwanowiç «Türkmenistan» merkezi gazetiniň surat bölüminiň habarçysy boldy. Wagt bolsa Begenç Keriminiň öz işiniň hakyky ussadyny işe çagyrandygyny diňe tassyklady.

Redaksiýanyň her tabşyrygy Ýuriý Iwanowiç üçin hünärini ösdürmek ugrunda bir mümkinçilik bolupdy. Surat kyssasyna çeper hyýalyň öwüşginlerini girizmek ýiti zehinli güýçli şahsyýet bolan adamyň nazaryny talap edýär.

Ýurdumyzdaky gazetleriň we žurnallaryň işgärleriniň üsti ajaýyp jemgyýetçilik wakalaryny pursatsaýyn yzarlaýan ýaş žurnalistler bilen ýetirilýär. Olaryň her biri-de ýazan maglumatlaryna degişli suratlaryň Ýuriý Iwanowiç Şkurin ýaly jemgyýetimiziň durmuşyndaky gyzykly hakykatlary zehinlilik bilen şekillendiren ýokary derejeli fotohronikaçy we ak ýürekli adam tarapyndan alynmagyny arzuw edýär.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy

Başga habarlar
1663f3f85493a3.jpeg
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar

Kabulda türkmen wekiliýetiniň Owganystanyň dag magdan we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşyk geçirildi.


1663d10e048d0d.jpeg
Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy

Türkmenistanda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.


1663d0d5e2e012.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy.

1663cf670453b8.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen gutlady.


1663cce2292aef.webp
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.