Ýurdumyzda “An-2” kysymly uçarlar üçin awiabenzini öndüriler
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýüztutmasy esasynda “An-2” kysymly uçarlar üçin daşarky bazarlardan satyn alynýan awiabenzini öndürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, suwuklandyrylan gazdan awtomobil ýangyjy üçin ýokary oktanly goşundysyny alýan desgada benzinleriň ýokary oktanly komponenti öndürildi.
“Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan bu önüme laýyklyk güwänamasy resmileşdirildi.
Zawodlar toplumy tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalygynda giňden ulanylýan “An-2” kysymly uçarlary milli ýangyç serişdeleri bilen doly üpjün etmek hem-de ýangyjyň bu görnüşini sebitiň ýurtlaryna eksport etmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde bu möhüm ugurda geçirilen işleri makullap, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hökmünde ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz nebitgaz ulgamyny mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmagyň zerurdygyny belledi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.