Makalalar

Rasim GELDIÝEW halkyň ýüreginde orun aljak täze aýdymlary döretmek maksat edýär

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1825/original-16139b53424d22.jpeg

Diňleýjileriň arasynda öz ýerine ýetirýän aýdymlarynyň labyzlylygy bilen adygan zehinli aýdymçylaryň biri «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Rasim GELDIÝEWDIR. Onuň aýdýan aýdymlary, aýratyn-da ýaşlaryň göwnüni awlaýar. Ussatnews. com elektron gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, zehinli aýdymçy bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.

– Rasim, siziň aýdymlaryňyz diňleýjileriň göwnüni ganatlandyrýar. Eýsem, aýdym aýtmagyňyza, sungata gönükmegiňize näme sebäp boldy?

– Kakam Sähetgeldi aga aýdyma hiňlenmegi, aýdym aýtmagy gowy görerdi. Çagakaň, näme, eneň-ataň ýany seniň üçin iň mährem ýer bolýar. Kakamyň ýanynda köpräk bolanymdan soň, onuň aýdym aýdyşyna syn etdigimçe, oňa meňzäsim gelerdi. Ýuwaşjadan hiňlenerdim. Mekdepde okan ýyllarym hem aýdym sapagyny has gowy görerdim. Aýdym mugallymymyzyň pianinoda saz çalmagynda aýdym aýtmagy halardym. Ol meni diňläp: «Rasim, sende aýdym aýtmaklyga ukyp bar. Sesiň ýakymly. Aýdym aýtdygyňça, barha kämilleşersiň» diýip, maňa bu inçe sungatyň syrlaryny öwrederdi. «Sesiňi beýleräk al, ynha, indi ýokary galmaly ýeri geldi» diýerdi. Mekdepde ýa-da baýramçylyklarda çykyş etmeli bolsa, maňa-da aýdym aýtdyrardy. Şeýlelikde, aýdym sungatyna ýola düşüp başladym.

– Sungat älemine geleniňde, ilkinji üns berilmeli zat näme?

– Aýdym-saz sungatynda tebigy ses, zehin, höwes, zähmet hemmesem zerur. Ylham diýilýän gudratyň sungat adamy üçin näderejede zerurdygy bolsa hemmelere mälimdir. Ilkinji aýdan aýdymym «Sensiz». Ony şekile düşürip, «Türkmen owazy» teleýaýlymynda tomaşaçylara hödürledik.

– Siz nähili aýdymlary aýtmagy halaýarsyňyz?

– Aýdym aýdyp başlanymda, türkmeniň meşhur kompozitorlary Nury Halmämmedowyň «Aýgytly ädim» kinofilmine ýazan Artygyň aýdymyny, Çary Nurymowyň «Aýly agşam» ýaly aýdymlaryny uly höwes bilen ýerine ýetirerdim. Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowyň aýdan aýdymlaryndan ruhy lezzet alýaryn. Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýewden aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny öwrenýärin.

Halk aýdymlaryny gowy görýärin. Olary estrada žanryna geçirilen görnüşde aýdýaryn. Halk aýdymlarynyň her bir sözi biz üçin mekdep bolup durýar, olary sünnäläp aýtdygyňça, bütin durkuň bilen şoňa girip gideniňi duýman galýarsyň.

– Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän aýdymlaryňyzy diňlemegem örän lezzetli...

– Gün-günden gül açýan eziz Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy wasp etdigiňçe edesiň gelýär. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň her bir güni ösüşleri bilen begendirýär. Onsoň aýdymçy bolup, şol gözelliklere ýüregiň joşup, täze-täze aýdymlary döretmezlik mümkin däl. Kompozitorlar bilen döreden «Arkadag», «Aşgabat» ýaly aýdymlarym hem şowly çykdy. Söýgi temasyndan ýazylan aýdymlar hem diňleýjiler tarapyndan gowy garşylanýar.

– Okyjylary maşgala durmuşyňyz bilen hem tanyşdyraýsaňyz?

– Men Aşgabat şäheriniň Bagyr obasynda doglup, şol ýerdäki 11-nji orta mekdebi tamamladym. Soňra Moskwanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň birinde hukuk ugrundan okadym. Gelnim Patma aýdymlarymyň ilkinji diňleýjisi. Üç oglumyz bar. Ogullarym meniň bilen bile hiňlenýärler. «Ata kesbi – ogla halal» diýipdirler. Belki, olar hem meniň ýaly aýdymçy bolmagy arzuwlaýandyrlar. Ony wagt görkezer.

– Siziň üçin bagt näme?

– Ömrüňem, işiňem, döredijiligiňem gözel sazlaşykda bolsa, şol bagtmyka diýýärin. Agzybir maşgalaň bilen il-günüňe, hormatly Prezidentiňe, halkyňa ak ýürekden hyzmat etmek döredijiligiňe ylham goşýar.

– Rasim, geljekde öňde goýan maksatlaryňyz barada aýdaýsaňyz?

– Ajaýyp zamanamyzda, il-halkyň ýüreginde orun aljak täze aýdymlary döretmek.

Goý, hemişe eziz Diýarymyzda aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlansyn! Hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli ähli tutumlary rowaç bolsun!

Söhbetdeş bolan Ýazgül ANNAÝEWA,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.

16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.