Geofizikleriň gazanýan üstünlikleri — innowasiýalary ornaşdyrmagyň netijesi
Şu ýylyň ýedi aýynyň jemi boýunça «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirligi boýunça ýerine ýetirilen işlerden 44 mln manat özleşdirildi. Bu görkeziji bellenilen döwür üçin göz öňünde tutulan görkezijiden 5,3 mln manat ýokarydyr.
Ýokary öndürijilik sepgitlerine ýetilmegi müdirligiň durnukly hem-de yzygiderli tehnologik ösüşi mynasybetli mümkin boldy. Bu günki gün hünärmenler Türkmenistanyň günbatarynda känleri gözlemek, barlamak we özleşdirmek boýunça maksada okgunly işleri alyp barýarlar.
Soňky birnäçe ýylyň içinde müdirlikde innowasion tehnologiýalar, ýörite geofiziki enjamlar ornaşdyryldy. Bu bolsa bellenilen görkezijileri bellenilen möhletlerde ýerine ýetirmäge, netijede bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň nebitgaz toplumyny ösdürmäge mümkinçilik berýär.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.