GARAŞSYZLYK— ARKADAGLY WATANYMYZYŇ GANATY

21:11 12.09.2021

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1845/original-1613e26b4518cc.jpeg

1991-nji ýylyň sahawatly altyn güýzi türkmen halkyna GARAŞSYZLYK atly uly bagty peşgeş berdi. Ýurt Garaşsyzlygy gazanylandan soň, ähli ulgamlarda ösüşler ýyldyrym çaltlygynda öňe ilerledi. Ýurtda halkyň maddy we ruhy durmuşyny özgerden birnäçe maksatnamalar kabul edildi. Türkmenistan gülläp ösýän ykdysadyýetli, kadaly syýasy ulgamly, sazlaşykly ösýän demokratik, hukuk we dünýewi häzirki zaman döwletine öwrüldi. Bu özgerişleriň esasy ugry halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokar- lanmagy we döwletimiziň her bir raýatynyň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi bilen bagly boldy.

Garaşsyzlygymyzyň her bir senesi biziň üçin parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, döredijiligiň we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ýolda gazanylýan şöhratly ýeňişleriň nyşanyna öwrülýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk taryhy ýyl ýazgysynda «Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem uly üstünliklere, ýeňişlere beslenýär. Gadymy türkmen topragy gözümiziň alnynda tanalmaz derejede özgerýär.

Güneşli Diýarymyzyň merdana halky özüniň asyrlarboýy ýüregindäki arzuw-umytlarynyň, erk-islegleriniň amala aşmagyna, milli ruhunyň dabaralanmagyna öwrülen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik bilen barýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzy ezizleýän, oňa guwanýan, buýsanýan türkmen halky her ýyl bu şanly baýramçylygyny dabaraly belleýär. Çünki abadançylygyň we durnukly ösüşiň möhüm guraly bolan bu mukaddeslik halkymyzyň erkana ýaşaýşyny, päk zähmetini üpjün edýär.

Maýa ATAHANOWA,

Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk institutynyň mugallymy.

Başga makalalar
166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.


165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.


165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.

165dc6a2670a92.jpeg
Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

Ählumumy sanlylaşdyrma we internet asyry täze habar beriş serişdeleriniň döremegi üçin mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylaryň täze neslini kemala getirdi. Olar üçin maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup metbugat sahypasy däl-de, kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň multimedia ekrany hyzmat edýär.


165c31806f1f62.jpeg
Magtymguly Pyragynyň kanoniki portretiniň döreýşi

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň zallarynyň birini Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň döreden beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kanoniki portreti bezeýär. Bu portret Magtymgulynyň keşbiniň hut şeýle bolandygyna ynamymyzy berkitdi. Ýogsa, eseriň döredilen wagty suratkeş bary-ýogy 23 ýaşynda eken, ol şonda-da fotosuraty bolmadyk şahyryň keşbini şekillendirmäge ýaýdanmandyr. A.Hajyýewiň ýerine ýetirmeginde Magtymgulynyň asyl keşbiniň emele gelşine düşünmek üçin bu eseriň döreýşiniň taryhyny ýatlamagy makul bildik.