Habarlar

Bäsleşigiň jemi jemlenildi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1916/original-1614a313c5ff1d.jpeg

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edara binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli hem-de «Nebit-gaz» gazetiniň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, yglan edilen «Nurly şuglasyny saçyp äleme — Garaşsyzlyk bagt getirdi ilime» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň «Nebit-gaz» gazeti bilen bilelikde guran baýramçylyk dabarasyna degişli toplumyň düzümleriniň işgärleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşik «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 12-nji ýanwarynda ýurdumyzyň ösüşlerini, rowaçlyga beslenýän halkara abraýyny, nebitgaz toplumynyň pudaklarynda gazanylan belent sepgitleri, häzirki wagtda eýelenýän nusgalyk zähmet görkezijilerini beýan edýän makalalary, fotoreportažlary, goşgulary çap edip, okyjylara ýetirmek maksady bilen nebitgaz toplumynyň işgärleriniň arasynda yglan edilipdi. Geçen döwürde bäsleşige gatnaşan awtorlaryň döredijilik işleri yzygiderli neşir edildi. «Nebit-gaz» gazetiniň açylan döwründen bäri Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi tarapyndan toplumyň iri pudaklary bilen bilelikde guramaçylykly geçirilýän şunuň ýaly bäsleşikler okyjylary höweslendirýär we döredijilige ruhlandyrýar.

Bu sapar geçirilen bäsleşige hem nebitgazçylaryň ençemesi işjeň gatnaşdy. Olaryň arasynda gazetimiz bilen ýakyn aragatnaşyk saklan täze awtorlaryň hem bardygyny bellemelidir. Her niçik-de bolsa ýaryşyň özüne mahsus aýratynlyklary, şertleri, düzgünleri bolýar. Şol şertlere laýyklykda, has tapawutlananlar ýüze çykarylyp, dabaranyň dowamynda ýeňijiler yglan edildi.

Netijede, «Nebi-gaz» gazetiniň redaksiýasynyň web-saýtynyň uly hünärmeni Penji Hudaýgulyýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň esasy hünärmeni Güller Orazowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy Seýilbaý Sopyýew 1-nji orny, «Türkmengaz» döwlet konserniniň esasy hünärmeni Mähri Mämmedowa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň burawlaýyş bölüminiň guýulary ýuwuş we berkitme erginleri laboratoriýasynyň inženeri Merdan Durdyýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy Myratmuhammet Myradow 2-nji ýeri, «Nebit-gaz» gazetiniň gazet düzüjisi Ata Ataýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň uly ylmy işgäri Orazsähet Baýramow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kafedra müdiri Eziz Annataganow 3-nji orny eýeledi.

Döredijilik bäsleşiginde ýeňiş gazanan ähli ýeňijiler Hormat hatlary we hormatly Prezidentimiziň adyndan guramaçylaryň gymmatbaha sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Soňra baýramçylyk dabarasy «Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň aýdym-saz çykyşlary bilen dowam etdi. Joşgunly, belent heňde ýaňlanan aýdymlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň waspy ýetirildi. Uly ruhubelentlikde şatlyk-şowhuna beslenip geçen döredijilik bäsleşiginiň ahyrynda «Nebit-gaz» gazetiniň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli redaksiýanyň işgärlerine Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.