Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sergi geçirildi
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýubileý ýylynyň 21-22-nji sentýabyrda Aşgabatda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iki günlük geçirilen sergi milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň aýdyň beýanynyň subutnamasyna öwrüldi.
Sergä ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna wekilçilik edýän esasy döwlet düzümleri we hususy ulgamyň kärhanalary gatnaşdylar. Olaryň hatarynda serge gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döreden ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty we mümkinçilikleri diwarlyklary arkaly “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy görkezdilr.
Sergä gatnaşyjylara we myhmanlara nebitiň hem-de gazyň özleşdirilen hem-de häzirki wagtda işlenip geçilýän ýataklary, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermegiň hereket edýän we göz öňünde tutulan ugurlary, gazylyp alynýan baýlyklaryň we minerallaryň ýerasty gorlary barada gürrüň berildi.
Şunuň bilen baglylykda, iri “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Bu käniň açylmagy dünýäniň kuwwatly energetika döwleti hökmünde Türkmenistanyň ornuny has-da pugtalandyrdy hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň açylmagyny şertlendirdi.
Şu ýylyň awgust aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda gaz känine baryp, täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi.
Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda okgunly ösýän gurluşyk pudagy we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi maýadarlaryň we potratçylaryň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Bu ýerde suw üpjünçilik we yşyklandyryş, ýollaryň gurluşygy, işjeň dynç almak ulgamy babatda gurluşyk desgalarynyň nusgalary, innowasion işläp taýýarlamalar görkezildi.
Obasenagat toplumynyň we söwda ulgamynyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň diwarlyklary sergide aýratyn orun eýeleýär. Olarda ýokary hilli azyk önümleriniň köp görnüşleri görkezilýär. Şolaryň hatarynda et, süýt, unaş we süýji-köke önümleri, ösümlik ýaglary, çagalar iýmiti, balyk önümleri, ter miwe we gök önümler, guradylan miweler hem-de ary baly we beýlekiler bar.
Dokma senagaty ministrligi eksport ugurly esasy pudaklarynyň biriniň önümlerini, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň özboluşly, döwrebap haly önümlerini hödürlediler.
Ýurdumyzyň telekeçilik pudagy sergide öz işiniň dürli ugurlaryny görkezdi. Ýurdumyzyň gurluşyk düzümleriniň hatarynda “Ussat Inžener”, “Derýaplastik”, “Ugurly ýol”, “Berk menzil gurluşyk” we beýlekiler bar.
“Aýbölek” we “Çigildem” kärhanalarynyň owadan mebellerini, “Hasaryň” süýji-köke önümlerini, “Täze Aýyň” süýt we peýnir önümlerini, “Akdaş miwe içgileri” kärhanasynyň miwe içgilerini, et önümlerini görkezmek bolar. Şeýle hem sergi telekeçileriň söwda we hyzmatlar ulgamynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Ylym we bilim ulgamy sergide giňden beýan edildi. Ýurdumyzda bu ulgamlary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. IT-tehnologiýalar ulgamynda işleýän iri kompaniýalar hem sergi meýdançasynda möhüm orun eýeledi.
Sergi, şeýle hem Türkmenistanyň täsin syýahatçylyk kuwwaty bilen tanyşmaga, syýahatçylyk ulgamyndaky täzelikler we dynç alşyň dürli görnüşleriniň guralyşy barada maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.
Häzirki zaman neşirýat we çaphana işini görkezýän Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň diwarlyklary sergä gelenlerde uly gyzyklanma döredýär.
Döwrebap senagat we elektron önümleriniň köp görnüşlerini öndürýän “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň tanyşdyrylyşy sergä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. 2016-njy ýylda bu kompaniýa energiýany tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa LED lampalary, awtoulag ýollaryny yşyklandyrmak üçin ýokary woltly alýuminiý prožektorlaryny öndürmäge girişdi hem-de okuw kompýuterleriniň çykarylmagyny ýola goýdy. Şol kompýuterler her ýyl 1-nji synp okuwçylaryna berilýär.
“Aýdyň gijeler” tarapyndan öndürilýän önümleriň görnüşleri yzygiderli artýar hem-de özüne iki sim-kartly öýjükli telefonlary, monobloklaryň dürli görnüşlerini, smart-telewizorlary, split-kondisionerleri, internet ulgamynyň paýlaýjylaryny — routerleri hem-de agyz suwuny sowatmak we gyzdyrmak üçin niýetlenen enjamlary öz içine alýar.
Kompaniýa tarapyndan çykarylýan suwuk kristal ekranly, diagonaly 32 we 42 dýuým bolan “Tolkun” hem-de 55 dýuýmlyk “Zemin” smart-telewizorlar dünýäniň iň gowy telewizorlary bilen mynasyp bäsleşip bilýärler. Geçen ýylda bu önümleri öndürýän kompaniýa olary göni, internet ulgamyndaky resmi saýt arkaly ýerläp başlady.
“Röwşen” hususy kärhanasy hem özüniň mahabat şekillerini hödürledi. Bu kärhananyň önümleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem uly islege eýedir.
Gözden geçirilişiň esasy maksady diňe bir gazanylan üstünlikleri däl, eýsem, ykdysady pudaklaryň kuwwatyny, olary ösdürmekde amala aşyrylan düýpli özgertmeleri, esasysy bolsa, eziz Watanymyzy gülledip ösdürmäge gönükdirilen döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň netijeliligini görkezmekden ybaratdyr.
«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlady
«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy №10123191 belgili bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalary kabul etmegiň deslapky tapgyrynyň başlandygyny habar berýär. Taslama enjamlary düýpli abatlamak boýunça hyzmatlary bermegi we zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň üpjünçiligini göz öňünde tutýar diýip, Turkmenportal neşiri habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça teklibi goldady
23-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-ni döwrebaplaşdyrmak bilen bagly teklibi goldady
16-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylda nebitgaz toplumynyň işi boýunça meýilnamalary makullady
9-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ilkinji gezek geçirilýän mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.
Ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde mugalumlaryň we talyp ýaşlaryň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.