Gaplaňgyr goraghanasy — täsinlikler dünýäsi

01:48 23.09.2021

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1923/original-1614c132ad1a8a.jpeg

Jenneti diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda hem-de onuň biodürlüligini artdyrmakda goraghanalaryň ähmiýeti diýseň uludyr. Şolaryň biri-de ýurdumyzyň demirgazyk çäginde ýerleşýän Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasydyr. Ol Şasenem we Sarygamyş çäkli goraghanalary özüne birleşdirýär.

Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy 1979-njy ýylda döredilip, ol Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýär. Goraghananyň esasy maksady tebigy baýlyklarymyzy, diýarymyzyň demirgazyk çäginiň ösümlik hem haýwanat dünýäsini goramakdan hem-de geljekki nesiller üçin aýap saklamakdan ybaratdyr. Goraghanada alnyp barylýan möhüm wezipeleriň hatarynda gulanlary ozalky mesgenine gaýtadan uýgunlaşdyrmak we köpeltmek, Üstýurduň dag goçlarynyň, jerenleriň, itaýynyň sanyny artdyrmak, Sarygamyş kölüniň suw giňişliklerinde ýaşaýan guşlary goramak, aýraklaryň hem-de saýgaklaryň köpelmegine şert döretmek ýaly, derwaýys işler alnyp barylýar.

Ýeri gelende aýdylanda, goraghananyň meýdany 282, 2 müň gektara barabar bolup, geçen döwürde onuň garamagynda umumy meýdany 821 gektara golaý bolan Şasenem we Sarygamyş çäkli goraghanalar döredildi. Elbetde ussatnews.com elektron gzetiniň okyjylary goraghananyň «Gaplaňgyr» diýen adynyň gelip çykyşy we düýp manysy gyzyklandyrýan bolsa gerek. Goraghana golaý ýerde ýaşaýan ýerli ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, bu jelegaýlar bir wagtlar «gum gaplaňynyň», ýagny geçigaplaňlaryň mesgen tutan mekany bolupdyr.

Munuň şeýledigine bu ýerde goraghana bilen adybir bolan täsin gyryň bolmagy hem güwä bolup biler. Bir wagtlar Amyderýanyň bir akymynyň Sarygamyşa guýýan döwürlerinde bu jelegaýlaryň gülläp ösen, bag-bakjaly mekan bolandygyny bolsa taryhy maglumatlar doly tassyklaýar.

Bu goraghana ösümlikleriň 300-e golaý görnüşini öz içine alýar. Olaryň ýarpysyndan gowragy selmeler, atanak güllüler, çylşyrymly güllüler, däneliler we kösükliler maşgalasyna degişli bolup durýar. Gaplaňgyr gyrynyň ösümlik örtügi gysga boýly, ýarym gyrymsy ösümliklerden ybaratdyr.

Goraghananyň haýwanat dünýäsinde ýabany haýwanlaryň 30-a golaý, guşlaryň bolsa 150-den gowrak görnüşine duş gelmek bolýar. Olardan süýdemdirijileriň 10, guşlaryň 11, süýrenijileriň 6 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Süýreniji jandarlardan goraghananyň meýdanlarynda jyňňyldawuk we galkanlyja asjagazlara, ýylanlaryň 8 görnüşine, çöl ýylançyryna, takyr patmasyna, zemzene hem-de birnäçe süýrenijilere sataşmak bolýar.

Bu ýerde seýrek duş gelýän haýwanlardan esasan hem dag goçlary, keýikler we gulanlar ünsüňi özüne çekýär. Olaryň hemmesi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.

Keýik seýrek duş gelýän haýwanlaryň biri bolsa-da, oňa goraghananyň ähli ýerinde sataşmak mümkin. Dag goçlaryna Günorta Üstýurduň Gaplaňgyr gyrynda birleşýän berk gaýalarynda we Gaplaňgyr çüňkünde duş gelmek bolýar.

Bilşimiz ýaly, öňler gulan Daşoguz welaýatynda ýitip giden täk toýnakly haýwanlaryň biri hasaplanýardy. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ortalarynda goraghananyň işgärleriniň tagallasy bilen Bathyz goraghanasyndan gulanlaryň 100-den gowragy Sarygamyş çöketligine getirilip goýberilýär. Häzirki wagtda Zeňňibaba kölüniň töwereklerinde, Sarygamyş çöketliginde, Üstýurt gyrynyň eteklerinde, Ýedihowuz takyrlyklarynda gulan sürülerine häli-şindi gabat gelmek bolýar. Bulardan başga-da, toýnakly haýwanlardan: saýgaklar, ýekegapanlar, ýyrtyjylardan: möjek, sähra pişigi, torsuk, tilki, şagal, garagulak, itaýy we oklukirpi ýaly haýwanlar goraghananyň esasy häsiýetli aýratynlygydyr. Bulardan garagulak, itaýy we oklukirpi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Gemrijilerden bolsa, goraghananyň giňişliklerinde towşan, sary we inçe barmak ýumran (alaňňyrt), bozsyçan, öý syçany hem-de atýalman ýaly haýwanlar ýaşaýarlar.

Şonuň ýaly-da, welaýatda guşlaryň 150-ä golaý görnüşi gabat gelýän bolsa, onuň aglaba bölegi, ýagny 83 görnüşi Sarygamyş kölüniň töwereginde duş gelýär. Olardan 7-si (gyzgylt we buýraly gotanlar, kaşykçy, gyzyl gaz, körje, garabaş çarlak, ak guýruk garaguş) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen guşlardyr.

Nesip bolsa, Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň ruhubelent işgärleri geljekde-de bu ugurda ýagny, gözel tebigatymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda hem-de biodürlüligini artdyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryndan ugur alyp, netijeli işleri alyp bararlar.

Ýazmyrat ORAZNEPESOW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
16621837325e1e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr.


166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.


165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.

165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.


165dc6a2670a92.jpeg
Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

Ählumumy sanlylaşdyrma we internet asyry täze habar beriş serişdeleriniň döremegi üçin mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylaryň täze neslini kemala getirdi. Olar üçin maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup metbugat sahypasy däl-de, kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň multimedia ekrany hyzmat edýär.