Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» kitaby Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýine sowgat boljak
Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara jemleýji sözi bilen ýüzlenip nobatdaky kitabyny ýazyp gutarandygyny hem-de ony «Garaşsyzlyk — bagtymyz» diýip atlandyrandygyny aýtdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk hiç zat bilen ölçäp bolmaýan beýik düşünjedir, döwletimiziň, halkymyzyň agzybirliginiň we bitewüliginiň berk esasydyr. Çuň manyly bu sözde merdana ata-babalarymyzyň erkin, bagtyýar durmuş baradaky arzuw-islegleri, şöhratly geçmişimiz, şu günümiz hem-de mähriban Watanymyzyň beýik geljegi beýan edilýär.
Garaşsyzlyk baýramy merdana halkymyza özüni erkin we bagtyýar duýmaga mümkinçilik berýän, Garaşsyz döwletimiziň özbaşdaklygyny hem-de milli bitewüligini şöhratlandyrmak üçin güýç berýän mukaddes baýramdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Garaşsyzlyk baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň gerimli özgertmelerini, agzybir we bitewi türkmen halkynyň dörediji ruhuny özünde jemleýän milli baýramymyzdyr.
Bu gün türkmen döwletiniň bähbitleri şöhratly ata-babalarymyzyň asyrlarboýy edip gelen arzuwlaryna laýyk gelýär hem-de häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri bilen utgaşýar. Şu kadalardan ugur alyp, biz mukaddes türkmen topragynda täze durmuşy gurýarys.
Ýurdumyzda önümçilik we medeni-durmuş maksatly döwrebap kärhanalar, iri binalardyr desgalar gurulýar. Dörediji, özgerdiji zähmetimiz bilen halkymyzyň iň täze taryhyna öçmejek sahypalary ýazýarys. Amala aşyrylýan giň gerimli bu özgertmeler bolsa ata Watanymyzy dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga ýardam berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Biz beýik geljegimize, has belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýarys. Aýdyň maksatlarymyzdyr nurana geljegimiz kalbymyzda ynamy artdyryp, durmuşymyza giň many-mazmun çaýýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bütin dünýädäki at-abraýyny berkitmek hem-de has-da ýokarlandyrmak üçin mundan beýläk-de uly hyjuw bilen tutanýerli we joşgunly zähmet çekmelidiris, ähli mümkinçilikleri mähriban halkymyzyň hem-de tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýokarda aýdanlaryň ählisini, Garaşsyzlygymyzyň milli köklerini, taryhy ähmiýetini täze kitabynda açyp görkezmäge çalyşdy. Häzirki döwrüň örän möhüm wezipelerini çözmekde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara hukuk ýagdaýynyň ornuny beýan etmäge synanyşdy.
Kitapda dünýäniň ähli ýurtlaryny birleşdirmäge gönükdirilen belent maksatlary mundan beýläk-de amala aşyrmagyň mümkinçilikleri hemmetaraplaýyn seljerildi. Bu kitap parahatçylygyň, öňe gitmegiň we ähli adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna halklary birleşdirýän ideýalaryň üýtgewsiz ähmiýetini okyjylara açyp görkezýär. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze eseriň gyzykly hem-de peýdaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýine sowgat boljakdygyna ynam bildirdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.