Habarlar

Paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk “Aşgabat” Söwda we dynç alyş işewürlik merkezi açyldy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1955/original-1615340a25a56e.jpeg

26-nji iýunda, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň giňden we dabaraly bellenilýän şanly 30 ýyllygynyň öň ýanynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan sebitde deňi-taýy bolmadyk “Aşgabat” Söwda we dynç alyş işewürlik merkezleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen gurlan bu desga Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Beýik bina” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.

Abadanlaşdyrylan ýerleri, ýollary we ýanýodalary, estakada köprüsini, çüwdürimleri, çagalar üçin oýun meýdançalaryny, emeli akabany hem-de ugurdaş gök zolaklary özünde jemleýän toplum Tähran köçesiniň ugrunda bina edildi.

Täze desganyň eýeleýän meýdany, şol sanda onuň abadanlaşdyrylan çäkleri 8 gektara barabardyr. Bu ýerde 4 gatly söwda-dynç alyş merkezi, 6 gatly işewürlik merkezi hem-de döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, toý dabaralaryny geçirmek üçin 800 orunlyk iki gatly zal bar. Toplumyň düzümine 708 orunlyk ýerasty awtoduralga, awtoýuwalga hem-de ýeňil awtoulaglara hyzmat edýän merkezler, kafe, inženerçilik desgalary, suw çüwdürimi, estakada köprüsi, uzynlygy 309 metr bolan emeli akaba girýär. Şeýle hem seýilgäh zolagy döredilip, gül ekilen aýmançalar guruldy, oturgyçlar we çyralar bar.

Girelgesi we çykalgasy bolan, estakada görnüşinde gurlan ýol türkmen paýtagtynyň täze gözelligine alyp barýar. Ol döwrebap we milli bezegleri ulanmak arkaly özboluşly binagärlik görnüşinde ýerine ýetirildi.

Ulag ýolunyň gurluşynda öňdebaryjy inženerçilik-tehniki işläp düzmeler ulanylyp, onda uly ýük göterijilik, ýurdumyz üçin häsiýetli bolan howa we geologiýa şertleri nazara alyndy. Tutuş toplumyň, şol sanda uzynlygy 1320 metre, ini 18 metre barabar estakada köpriniň ýokary seýsmiki durnuklylygy üpjün edilip, olaryň gurluşy Rihteriň şkalasy boýunça 9,5 balla çenli bolan ýertitremelerinde saklanmaga ukyplydyr.

Köpriniň ýanaşyk ýerleri döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi. Şeýle hem bu ýerde çäkleri yşyklandyrmak boýunça işler geçirildi. Töwerekdäki çyralar ýananda bu ajaýyp desga gijelerine başga keşbe eýe bolýar.

Bir söz bilen aýdylanda, söwda merkeziniň 65 müň inedördül metrden gowrak çäginde dürli dükanlaryň 240-dan gowragy, supermarket, bedenterbiýe hem-de medeni-sagaldyş toplumy, kafe we fud-kortlar, gözellik salonlary we dellekhanalar, çagalar üçin oýun meýdançalary, bilýard, bouling, kinoteatr, buzly meýdança, dynç alyş we attraksionlar bölümi bu ýere gelýänlere gapylaryny giňden açdylar.

Bu ýerde alyjylar we işgärler üçin ähli şertler döredildi. Töleg nagt we nagt däl usulda, plastik bank kartlary arkaly amala aşyrylýar. Dükanlarda harytlaryň, şol sanda gündelik isleg bildirilýän harytlaryň, azyk önümleriniň, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň önümleriniň, dünýä belli önüm öndürijileriň harytlarynyň giň görnüşi hödürlenilýär.

Bu ägirt uly toplumyň dünýä belli kompaniýalaryň enjamlary we ulgamlary bilen üpjün edilmeginiň özi hem onuň tehnologik derejesini görkezýär.

Binanyň gatlarynda galyp-düşmek üçin basgançaklardan hem-de eskalatorlardan başga-da, daş-töweregi synlamaga mümkinçilik berýän adaty liftler ulanylýar. Alyjylaryň amatlylygy üçin ýöriteleşdirilen taksi hyzmaty hem göz öňünde tutulypdyr.

Germaniýanyň “German Council” söwda merkezleriniň geňeşiniň aragatnaşyk boýunça geňeşçisi hanym Sabrina Krýuger sanly ulgam arkaly çykyş edip, täze söwda-dynç alyş merkezine “Ýokary tehnologiýa esaslanyp gurlandygy” baradaky güwänamanyň gowşurylýandygyny habar berdi.

Soňra çykyş eden «Docklands» (London) ylmy-barlag akademiýasynyň direktory jenap Paul Winsent häzirki zaman söwda-dynç alyş toplumynyň artykmaçlyklaryna ünsi çekip, bu desganyň binagärlik babatynda örän täsindigini hem-de şunuň ýaly köpugurly toplumlara bildirilýän ähli ölçeglere kybap gelýändigini aýtdy. Şulary hasaba almak bilen, paýtagtymyzda peýda bolan täze desga “Certificate of Excellence 2021” güwänamasyna mynasyp boldy.

Soňra Awstriýanyň “Vorarlberger” binagärlik institutynyň söwda-dynç alyş merkezine “Özboluşly dizaýn” güwänamasyny berendigi, şeýle hem Söwda merkezleriniň halkara geňeşiniň (ICSC) agzalygyna kabul edilendigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze söwda-dynç alyş merkezine Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny alamatlandyrýan häzirki zaman ýeňil awtoulaglarynyň 30-synyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Başga habarlar
169b64ad366257.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady.


169b5a626b99eb.jpeg
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.


169ad82a1b73f3.jpeg
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.

169ad70095fa7d.jpeg
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy

Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.


169ad53540e2a5.jpeg
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde

Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.