Ahal welaýatynda döwrebap 4 gatly ýaşaýyş jaýynyň açylyşy boldy
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Magtymguly” daýhan birleşiginde gurlan, saglygy goraýyş işgärleri üçin niýetlenilen döwrebap 4 gatly ýaşaýyş jaýynyň açylyşy boldy.
Etrabyň häkimliginiň buýurmasy boýunça bu binany “Beýik bina” (potratçy) hem-de “Joşgun bina” (kömekçi potratçy) hususy kärhanalary gurdular.
Timarlaýyş işlerinde döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanylan ägirt uly dört gatly bina otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan öýleriň 48-sini öz içine alýar. Şolaryň 12-si üç otagly (meýdany 160 inedördül metr), 24-si dört otagly (meýdany 180 inedördül metr) hem-de 12-si bäş otagly (meýdany 202 inedördül metr) öýlerdir.
Aşhanalar zerur bolan mebeller hem-de döwrebap durmuş tehnikasy bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýylylyk beriji ulgam hem-de gyzgyn suw bermek üçin niýetlenen merkezleşdirilen desga, energiýa üpjünçiligi üçin transformator bekediniň toplumy göz öňünde tutuldy.
Ýanaşyk ýerleriň ählisi abadanlaşdyryldy. Köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin ýörite jaý, dürli oýunlary oýnamak üçin uly bolmadyk meýdança, çagalar meýdançasy göz öňünde tutuldy. Mundan başgada, bu daýhan birleşiginiň çäginden geçýän ýoluň iki gyrasynda 7 müň 100 sany Maşat sosnasynyň nahallary ekildi.
Ussat news
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.