MUNY BILMEK GYZYKLY WE PEÝDALY
• Italiýanyň Parma şäheriniň uniwersitetiniň neýrobiologlary kelle beýnisinde daş – töwerekdäki adamlaryň emosional ýagdaýyny duýmaga kömek edýän aýna neýronlaryň bardygyna üns berdiler. Görlüp oturylsa, aýna neýronlar diňe bir başga adamlaryň şatlygyny ýa – da gaýgysyny açyk – aýdyň görmäne mümkinçilik bermän, eýsem özüň hem şeýle duýgulary başdan geçirmegiňe itergi berýän eken. Şoňa görä, adam kimdir biriniň ýylgyranyny görende özi hem ýylgyranyny duýman galýar. Munuň hut şeýledigine şwed alymlarynyň geçiren barlaglarynyň netijesi hem güwä geçýär.
• Görlüp oturylsa ýylgyrmak gaşyňy çytmakdan aňsat eken. Adam ýüzüni gamaşdyryp, gaşyny çytanda bedende has köp güýç sarp edilýär.
• Adam ýylgyranda ýüz myşsalarynyň 5 – den 53 – e çenlisi şol bir wagtda herekete gelýär.
• El gysyşmak, gujaklaşmak, tagzym etmek, el çarpmak dürli ýurtlaryň däp – dessurlarynda birnäçe mana eýe bolup durýar. Çyn ýürekden çykýan ýylgyryş bolsa bütin dünýäde ýekeje manyny – adamyň bagtlydygyny aňladýar.
• Aýallar erkeklere seredeniňde, gyzjagazlar oglanjyklara garanyňda köp ýylgyrýarlar.
• 19 hili ýylgyryş bar. Olar 2 sany uly topara bölünýär. Çyn ýürekden çykýan hakyky ýylgyryş peýda bolanda ýüzüň iki tarapynda hem myşsalaryň köp sanlysy herekete gelýär. Adam ýöne sypaýyçylykly ýa – da ýalandan ýylgyranda hereketlenýän myşsalaryň sany azalýar.
• Ýylgyryş adamyň ömrüni uzaldýar. Amerikaly alymlaryň 10 ýyldan gowrak dowam eden barlagynyň netijesi muňa güwä geçýär. Olar ýylgyryp ýa – da çytylyp surata düşen türgenleriň ömrüniň dowamlylygyny öwrendiler. Görlüp oturylsa, ýylgyryp surata düşen oýunçylar 80 – den hem köp ýaşapdyr. Beýleki oýunçylaryň ömri olaryňka seredeniňde 10 ýyl töweregi gysga bolupdyr.
• Gaty gaharyňyz gelende hiç kime bildirmän, birnäçe gezek ýylgyryň. 1 minutlap dowam edýän ýylgyryş maşky, adamyň emosional ýagdaýyny gowulandyrýar.
• Kimdir biri bilen telefonda gürleşmek isleýärsiňizmi? Onda telefony eliňize alan dessiňize ýylgyryň. Gürrüňdeşiňiz bilen ýylgyryp gepleşiň. Munuň özi sesiňiz mylaýym, pessaý, ýakymly çykmagyna itergi berip, söhbetdeşiňizde hoşmeýillikli jogap täsirini döreder.
• Çyn ýürekden çykýan hakyky ýylgyryş daş – töwerekdäki adamlarda dostlukly garaýyşlary döredýär. Kimdir birine ýaranmak üçin ýalandan ýylgyrýan adamlara hiç kim ynanmaýar.
Şamyrat BEGENJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.