HÜNÄR ÖWRENMEGIŇ ZERURLYGY
Islenik ynsanyň elinde hünäri bolsa, ol hiç haçan durmuşyň synaglarynyň öňünde ejizlemeýär. Onuň hünäri duş gelen kynçylyklary ýeňip geçmäne uly kömek edýär. Bu barada halk arasynda şeýle rowaýat bar.
Gadym zamanlarda bir patyşanyň ýeke mirasdüşer ogly bolupdyr. Günlerde bir gün şazada öz ýurdundan bir täjiriň halyçy gyzyna aşyk bolýar. Gyzyň öýüne sawçy iberende, gyz oňa bir hünäriň eýesi bolmadyk ýigide durmuşa çykjak däldigini aýdýar. Eger ýigit gyzyň ýanyna gatnap haly dokamagy öwrense onuň aýaly boljakdygyny onuň öňünde şert edip goýýar. Ýigit munuň bilen razylaşýar. Şeýlelik-de, şazada gyzyň ýanyna gatnap haly dokamagyň inçe syrlaryny öwrenýär. Ahyrynda gyz oňa durmuşa çykmana razydygyny aýdýar.
Ýedi gije-gündizläp, uly ile aş paýlanyp uludan toý tutulýar. Aradan birnäçe gün geçenden soňra, şazada halkyň hal ýagdaýyny bilmek üçin adaty derwüş eşiginde gijesine öýme-öý aýlanýar. Gapylaryň birini kakyp taňry myhman almaklaryny soraýar. Öýe girenden soň öý eýesiniň aslynda talaňçydygyny bilip galýar. Olar şazadany bir jaýa salyp daşyndan gulplap goýýarlar. Ol ýerde şazadadan başga hem birnäçe adam bar eken. Talaňçylar olary elinden gelýän iş boýunça işledip, ellerinden dörän dürli zatlary satyp peýda görer eken.
Ýigit olara bir haly dokap berjekdigini, eger ony şa aýlyna satsa müň tylla satyljakdygyny, ýerine şazadany azat etjekdigini aýdýar. Talaňçylar bu şert bilen razylaşýarlar. Bir hepdä galman şazada halyny dokap bolýar. Talaňçylaryň biri ony köşge satmak üçin alyp gaýdýar. Haçan-da bir halynyň müň tylla bahasynyň bardygyny eşiden şa aýaly onuň ýöne haly däldigini aňýar. Hakykatdan halyny synlasa onuň ýüzüne şazadanyň gizlenýän ýeriniň kartasy çekilen eken. Owadan edilip bezelen halyny diňe üns edip synlasaň ony aňmak bolýan eken. Şa aýaly ony müň tylla satyn alýar. Talaňçy begenip yzyna dolanýar, emma şazadany azat etmeýär.
Aradan esli wagt geçip-geçmänkä şa aýaly nökerleri bilen şazadany halas etmek üçin gelýär. Olar şazada bilen başga-da birnäçe adamlary halas edýärler we talaňçlary zyndana salýarlar. Şeýlelikde, halyçylyk hünäri şazadanyň janyny halas edýär.
Şu ýerde şazada hünär öwrenmegiň durmuş ýolunda örän gerek bolýandygyny, ynsany kynçylyklardan başyny alyp çykmakda kömek edýändigine göz ýetirýär. Dogrudan hem halk arasynda “Bir okana – bir dokana” diýen nakyl ýöne ýerden döremändir.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.