Makalalar

“Aşgabat” Söwda we dynç alyş merkezinde körpe nesilleriň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2026/original-16160770bbeeff.jpeg

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurulan “Aşgabat” Söwda we dynç alyş merkezinde körpe nesilleriň wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi.

Merkeziň çäginde körpeler hem-de uly ýaşly çagalar üçin niýetlenen ýörite bölümler hereket edýär. Attraksionlaryň, oýun awtomatlarynyň örän köpdürlüligi çagalaryň we ýetginjekleriň ruhuny göterýär we ösen islegini kanagatlandyrýar. Toplumda oýunlar ulgamyndaky örän gyzykly hem-de özüne çekiji täze enjamlar hatda uly ýaşly adamlaryň hem ünsüni özüne çekýär.

Dynç alyş we güýmenje toplumynda gelýän çagalar we ene-atalar üçin kinoteatr, bilýard we bouling meýdançalar ýerleşýär. Binanyň gatlarynda galyp-düşmek üçin basgançaklardan hem-de eskalatorlardan başga-da, daş-töweregi synlamaga mümkinçilik berýän adaty liftler ulanylýar.

Gündogdy HOJAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
16acd1beb287a4.jpeg
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär

21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.


16ab744755266a.jpeg
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi

23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.


16a7caed96ef8f.jpeg
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.

16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.