Aşgabatda ähli amatlyklary bolan öýleriň açarlaryny 1008 maşgalasy aldylar
Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Barha gözelleşýän Aşgabadyň günbatar böleginde belent ýaşaýyş jaýlaryny özünde jemleýän gözel künjek peýda boldy. Bu ýerde zerur ýol-ulag düzümi döredildi, aýlawly awtomobil çatrygynyň merkezini bolsa täsin “Türkmen alabaýy” ýadygärlik binasy bezeýär. Şeýle hem şäheriň bu böleginde häzirki zaman talaplaryna, dynç alyş we hyzmatlar ulgamynyň desgalaryna bildirilýän talaplara kybap gelýän “Gül zemin” söwda-dynç alyş merkezi bina edildi.
Şu ýyl Watanymyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllyk senesine öňüsyrasynda dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň 1008 maşgalasy Aşgabadyň täze ýaşaýyş jaý toplumlarynda ähli amatlyklary bolan öýleriň açarlaryny aldylar. Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-sy hem-de 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy bina edildi, şolaryň hemmesi ähli ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan öýlerdir. Ýanaşyk ýerlerde ähli degişli düzümler göz öňünde tutulyp, umumy uzynlygy 5 kilometr 564 metre deň bolan täze ýollar çekildi, olar zerur tehniki serişdeler, ýerasty pyýada geçelgeler hem-de ýolagçy ulaglar üçin duralgalar bilen üpjün edildi.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Medeniýet ministrligi, Energetika ministrligi, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, “Türkmen standartlary” baş döwlet gullugy, “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi, Türkmenistanyň Merkezi banky, Aşgabat şäheriniň häkimligi, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi belent ýaşaýyş jaýlarynyň buýrujylary hökmünde çykyş etdiler.
Täze belent ýaşaýyş jaýlarynyň daşky bezeginiň aýratynlyklaryny hem bellemek gerek — olary köpöwüşginli mozaika pannolary bezeýär, şolaryň her biri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu giň möçberli “nakgaşlyk eserlerinde” Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň buýsançly nyşanlary, onuň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri hem-de nurana geljege tarap bedew bady, halkymyzyň baý taryhy we medeniýeti öz beýanyny tapypdyr.
Täze 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynda amatly we abadan ýaşamak üçin ähli şertler döredilendir. Şolarda ähli amatlyklary, şol sanda giň myhman otaglaryny, amatly ýatylýan otaglary, häzirki zaman durmuş enjamlary bilen üpjün edilen aşhanalary, kömekçi jaýlary öz içine alýan amatlyklaryň doly toplumy göz öňünde tutulan üç, dört we bäş otagly öýler ýerleşdirildi. Şeýle hem zerur ähli durmuş üpjünçilik ulgamlary göz öňünde tutulandyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda bina edilen täze ýaşaýyş jaý toplumy Magtymguly şaýolunyň ugry boýunça, Taslama we Tähran köçeleriniň arasyndaky giň çäkde Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşdy. Desgalaryň ýanaşyk çäkleri doly abadanlaşdyryldy we agaç nahallary oturdyldy. Dynç alyş we sport bilen meşgullanmak üçin ýörite zolaklar oýlanyşykly ýerleşdirilipdir we abadanlaşdyrylypdyr. Täze binalaryň körpe ýaşaýjylar üçin çagalar oýun meýdançalary gurnalyp, olar şeýle desgalara mahsus zerur derejede enjamlaşdyrylypdyr.
Täze öýlere göçüp baran bagtyýar ýaşaýjylar Arkadag Prezidentimize ýaşamak we dynç almak babatda döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.
Ussat news
Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat halypa Ata Akbäbäýewiň hormatyna…
Ýakynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Mary şäherindäki iňlis dili we ynsanperwerçilik ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat mugallym Ata Akbäbäýewiň ömrüne, döredijiligine we pedagogik mirasyna bagyşlanan “Ata Akbäbäýew - halypa-şägirtlik mekdebiniň beýik ägirdi” atly ýatlama çäresi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady.
SAGDYN DURMUŞ — BAGTYÝAR GELJEK
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözelligi” atly çäre geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy
5-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.