Arnap tokaýjygy - keramatly ýer
Arnap tokaýjygy Köýten obasynda «Gündogar» syýahatçylyk merkeziniň ýakynynda ýerleşýär. Bu tokaýjyk arassa arnap agaçlaryndan emele gelen. Arnap ösümlikleri garatikenliler maşgalasyna degişli bolup, agaçlarynyň sany, ululygy we ýaşy boýunça Merkezi Aziýada ýeke-täk hasaplanylýar. Bary-ýogy ýarym gektardan köpräk ýerde arnap agaçlarynyň dürli ululykdaky iki müňe golaýy ösüp otyr. Tebigat ýadygärligi statusy berlen bu çaklaň tokaýlyk Köýtendag döwlet goraghanasy tarapyndan goralýar. Ýerli ilatyň arasynda bu ýer «Çylan ata» ady bilen öwlüýä, ýagny keramatly ýer hasaplanýar.
Rowaýatda aýdylyşyna görä, gadym zamanlarda bir keramatly adam çeşme boýunda dynç almak üçin düşläpdir we elindäki hasasyny ýere dürtüp goýupdyr. Ýere dürtülgi hasa ýaprak çykaryp, kök urupdyr. Şol ýekeje gögeren agaçdan wagtyň geçmegi bilen köpelip, arnap tokaýjygy emele gelipdir. Şol çeşmäniň suwy bolsa şypaly suwa öwrülipdir we onuň suwunyň düzüminde kükürtli wodorodyň barlygy sebäpli, onuň dermanlyk häsiýete eýedigi alymlar tarapyndan öwrenildi. Adamlar bu ýere her dürli kesellerden, esasan hem, deri kesellerinden saplanmak üçin gelýärler.
Merdanmuhammet DURDYMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň mugallymy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.